Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Päkistanda Eýranyň diplomaty azat edildi


Eýranyň Päkistandaky ilçisi Maşallah Şakiri
Päkistanda bir ýarym ýyl ozal zamun alnan eýranly diplomat azat edildi.

Bu barada Eýranyň telewideniýesiniň beren maglumatynda Eýranyň Aňtaw gullugynyň geçiren çylşyrymly operasiýasynyň netijesinde ýurduň söwda ataşesi Heşmatolla Attarzadeniň azat edilendigi aýdyldy.

Päkistanyň Peşewer şäherindäki Eýranyň baş konsuly 2008-nji ýylyň noýabr aýynda zamun alnan eýranly diplomatynyň öz ýurdyna dolanandygyny tassyklady.
XS
SM
MD
LG