Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amnesty International: 95 ýurtda ölüm jezasy berilmeýär


2009-njy ýylda Belarusdan başga Ýewropa ýurtlarynyň ählisinde soňky 19 ýylyň dowamynda ilkinji gezek hiç kime ölüm jezasy berilmedi diýlip, adam hukuklary boýunça Amnesty International guramasynyň ýyllyk hasabatynda maglumat berilýär.

Şonuň üçin adam hukuklary boýunça bu halkara guramasy Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkony eglenmezden ölüm jezasyna maratoriýa girizmäge çagyryş etdi.

Bu hasabatda 2009-njy ýylda ýene iki ýurduň - Togo bilen Burundiniň - ölüm jezasyny ýatyrandygy habar berilýär.

Şeýlelikde häzir dünýäniň 95 ýurdunda ölüm jezasy ýatyrylan hasaplanýar.

Hasabata görä, häzir ölüm jezasy esasan Aziýa, Ýakyn Gündogar hem Demirgazyk Afrika ýurtlarynda berilýär.

Amnesty International guramasynyň beren maglumatlarynda Hytaýda iň köp ölüm jezasynyň berilýändigi aýdylýar.

Hytaýda her ýy ölüme höküm edilýän adamlaryň sany dünýäniň beýleki ýurtlarynyň hemmesinde ölüm jezasy berilýän adamlaryň umumy sanyna barabar diýlip, maglumatda aýdylýar.

Ölüm jezasynyň sany boýunça Eýran ikinji orny eýeleýär. Yrak bolsa bu hasabatda üçünji orunda.
XS
SM
MD
LG