Sepleriň elýeterliligi

Ýagtylyk tizligine ýeten protonyň atomlary çaknyşdyryldy


30-njy martda Fransiýa bilen Şweýsariýanyň araçäginde ýerasty ötükde ýerleşdirilen, uzaklygy 27 kilometr ägirt uly kollaýdrda ýagtylygyň tizligine ýetirilen protonyň atomlaryny üstünlikli çaknyşdyrmak alymlara başartdy.

Bu kollaýdr bilen bagly geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijeleriniň fizikanyň täze kanunlaryny açmaga esas döredip biljekdigine alymlar umyt baglaýarlar.

Bu işler 14 milliard ýyl mundan ozal älem jisimleriniň döremegine getiren uly partlama düşünmek üçin geçirilýär diýlip, habar berildi.

Bu ylmy-barlag işleriniň netijelerine uzak wagt garaşmaly bolmagyň mümkindigi hem aýdylýar.
XS
SM
MD
LG