Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Obama: “Eýrana garşy täze sanksiýalar çalt girizilmeli”


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama BMG tarapyndan Eýrana garşy sanksiýalaryň täze tapgyrynyň aýlaryň däl, “hepdeleriň” dowamynda girizilmegine umyt edýänligini aýtdy.

Obama Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozy bilen Ak tamda sişenbe güni geçiren duşuşygyndan soň eden çykyşynda BMG tarapyndan Eýrana garşy sanksiýalaryň dördünji tapgyrynyň girizilmegi barada Waşingtonuň öz halkara hyzmatdaşlary bilen iş alyp barýanlygyny belledi.

“Men bu işiň şu ýazyň dowamynda başa barjakdygyna umyt edýärin. Şunlukda, men sanksiýalaryň girizilmegi üçin aýlap garaşmaga islegli däl. Men onuň hepdeleriň dowamynda amala aşyrylanlygyny görmek isleýärin” diýip, Barak Obama aýtdy.

Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozy bolsa Eýran bilen bagly kararyň kabul edilmegi üçin wagtyň gelenligini aýtdy.

Eýran bolsa öz ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlara eýerýändigini öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG