Sepleriň elýeterliligi

Eýran Yragyň içerki işlerine goşulýanlykda aýyplanýar


Yragyň öňki premýer-ministri Aýad Allawi Eýranyň bu ýurduň içerki işlerine aralaşyp, özüniň premýer-ministr bolmagynyň öňüni almaga synanyşýanlygyny aýtdy.

7-nji martda geçirilen parlament saýlawlarynda 91 orun alyp birinjiligi gazanan Allawi, BBC telekanalyna beren interwýusynda Yragyň syýasy prosesine Eýranyň goşulýanlygyna özüniň ynanýanlygyny aýtdy.

7-nji martda geçirilen şol ses berişliklerde 89 orun alyp ikinjiligi gazanan premýer-ministr Al-Maliki bolsa häkimiýet başynda galmaga tagalla edýär.
XS
SM
MD
LG