Sepleriň elýeterliligi

Türkmen alymy Amantagan Begjanowyň «Gömlen akabalar» atly kitabynda, türk alymy Faruk Sümeriň «Oguzlar - türkmenler» atly kitabynda we ýene-de ençe-ençe çeşmelerde dünýäni basyp alyşlar döwründe türkleriň Orta Aziýadan giden türkmenlerdigi aýdylýar.

Baran ýerlerindäki ýerli halklar bilen asyrlaryň dowamynda goşulyşmagynyň netijesinde, elbetde, türkler bilen türkmenleriň dil aýratynlygynda tapawutlar kän. Şeýle-de bolsa türkmenler bilen türklere öz ene dillerinde düşünişmek gaty kyn däl.

Türkleriň Orta Aziýadan, aýratyn-da türkmen topragyndan giden adamlardygyny olaryň köpüsiniň atdyr familiýasyndan-da bilip bolýar. Olaryň arasynda, Ylýas Türkmen, Muhammet Gökdepe, Merwezi (maryly) ýaly ady göterýänler örän köp.

Türkmen topragynda Sowet hökümeti gurulmazdan öň türkmenleriň arasynda Türkiýäniň uniwersitetlerinde okap, bilim alanlar, Türkiýä gidip-gelip duranlar köp bolupdyr.

Sowet hökümetiniň garşysyna göreşen türkmen intelligentleriniň biri Orazberdi Wepaýew Türkiýäniň Stambul şäherindäki uniwersitetini tamamlapdyr. Orazberdi Wepaýew soňra sowet hökümeti tarapyndan atylyp öldürilýär.

1918-nji ýylda, Orsýetde rewolýusiýa amala aşyrylyp, rus patyşasy tagtdan agdarylan çagynda türk generaly Ylýas Paşanyň kömegi bilen Türkiýe türkmenlere, şol sanda Orta Aziýanyň türki dilli beýleki halklary ýaşaýan respublikalaryna Orsýetden özbaşdaklygyny alary ýaly, kömek bermek isleýär, köp türkmen hanlaryna, serdarlaryna hat iberýär.

Emma doglanda boýnyýogyn doglup, hiç wagt biri-birine boýun egmegi, biri-biri bilen düşünişmegi, biri-biri bilen birleşmegi başarmaýan türkmenler şol wagt hem biri-birine boýun egmek islemän, hersiniň özi han bolmak isäp, biri-biri bilen birleşmän, Ylýas Paşadan geljek kömegi kabul etmeýärler. Özlerem sowet hökümeti tarapyndan atylyp, bysylyp, ýurtdan kowlup, dargap gidýärler.

Netijede, beýleki Orta Aziýa respublikalarynda bolşy ýaly, türkmen topragynda-da sowet hökümeti gurulýar. Sowet hökümeti türkmenlere Türkiýe bilen gatnaşmagy bütinleý gadagan etdi. Sowet hökümetiniň ýaşan ýetmiş ýylynyň içinde türkmenler Türkiýäni-de, türkleri-de bütinleý ýatlaryndan çykardylar.

Ýöne Moskwanyň üsti bilen Türkiýäniň progressiw pikirli ýazyjy-şahyrlarynyň hekaýalary, goşgulary, Türkiýäniň belli şahyry Nazym Hikmetiň goşgulary, dünýä belli satirik ýazyjy Eziz Nesiniň döredijiligi türkmen halkyna ýetirildi. Eziz Nesin Türkmenistan garaşsyzlygyny alan döwürlerde «Ölmänkäm öz ata Watanymy göreýin» diýip, Türkmenistana gelibem gitdi. Ýöne soňy bilen onuň eserlerini çap etmek Türkmenistanda gadagan edildi.

Garaşsyzlykdan soň…

Sowet hökümeti dargap, Türkmenistan garaşsyzlygyny jar edende Türkiýe ilkinji bolup Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar etdi. Türkiýe, türkler Türkmenistanyň eşegini ýola salmakda köp kömek etdi. Köp adamlara iş ýerlerini açan tekstil komplekslerini guran hem-de olaryň önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmaga kömek eden türklerdir. Häzir hem Türkmenistanyň tekstil kompleksleri türkleriň elinde. Türkler Türkmenistanyň köp ýerinde döwrebap bilim berýän mekdepleri, iňlis, türk dillerini öwredýän okuw merkezlerini, kompýuter kurslaryny açdylar.

Türkmenistanyň paýtagt şäherinde Halkara türkmen-türk uniwersiteti, türk gospitaly bar. Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň tölegli bölüminiň puly aşa köp. Tölegsiz bölümine bolsa girmek örän kyn – daş ýaryp duran bilim talap edilýär, bu beýleki ýokary okuw jaýlary üçin gowy nusga. Emma Saparmyrat Nyýazow ölmezinden öň bu uniwersitetiň dolandyryş administrasiýasyny ýerli kadrlara tabşyrdy. Netijede, bu ýerde hem korrumpirlenen kiçiräk topar emele geldi. Türk gospitaly hem keselleri anyklamakda hem bejermekde örän üstünlikli işleýär. Ýöne onuň hyzmaty örän gymmat.

Türkmen hem türk - bu iki gardaşyň oňuşmaýan ýerleri-de kän. Tekstil komplekslerinde işleýänleriň köpüsi aýlyklarynyň azlygyndan nalaýarlar. 400-600 manat aýlyk alýanlaram bar, ýöne aglaba köplügiň aýlygy 200 manatdan geçer-geçmez.

Türkmenistanyň territoriýasyndaky gurluşyklaryň-da esasy bölegini türkler alyp barýarlar. Türkler gurluşyga ökde. Dünýä standartynda gurlan keselhanalar, edara jaýlary, ýaşaýyş jaýlary özüniň owadanlygy bilen göreni haýran edýär. Emma Aşa beýik, 12-15 gatly jaýlar 1948-nji ýylyň tebigy betbagtçylygyny ýatlanyňda iniňi dygladýar.

Türkler hem hut türkmenler ýaly zähmetsöýer. Olaryň on ýylda guran binalary sowet hökümetiniň ýetmiş ýyllap guran jaýlaryndan-da kän.

Türkmenistandaky türk gurluşyklarynda esasan türkmenler işleýärler. Esasan hem bäş welaýatyň obalaryndan gelen erkek kişiler. Ýerleriň zaýalanmagy daýhanlary gurluşykçylara öwrüp barýar.

Türk gurluşyklarynda tehniki howpsuzlyk çäreleri üpjün edilmedik. 11-12-nji etažlaryň gabadynda-da işgärler adam bileginiň ýogynlygyndaky turbalaryň üstünde goýlan agaçlaryň üstünde durup işleýärler. Şeýlelikde, türk gurluşyklarynda işläp ýörkä, ýokarky gatlardan aşak gaçyp ölýän, bil oňurgasy, boýun oňurgasy döwlüp, eňegi, ýüzi çapylyp, maýyp bolýan oglanlar bar. Olara prokuraturanyň goşulmagynyň netijesinde iki-üç aýlyk möçberinde pul kömegi berilýär. Olaryň maýyp bolup ýaşajak soňky durmuşlary türkleri gyzyklandyrmaýar.

Gazanç gözläp, türkler Türkmenistana gelýär. Türkmenler bolsa Türkiýä gidýär. Bu Garaşsyzlyk zamanasynda endik boldy. Belki, bu şeýle bolmalydyr. Türkmenler türkleri ata-baba gardaşlary bolansoň, gaty gowy görýärler, sylaýarlar. Olary öýlerine myhmançylyga çagyrýarlar. Dost bolýarlar. Türkmenistanda işleýän türklere durmuşa çykan türkmen gyzlary-da kän.

Türkiýä işlemäge gidýän türkmenleriň welin köpüsi betbagt bolup gelýärler. Elbetde, Türkiýäniň okuw jaýlarynda okap ýören, okap, bilim alyp gelýän ýaşlaram köp. Ýöne işe gidip, ölüp gelýänlerem kän. Neşekeş bolup gelýänlerem bar. Ol ýerde pasportyny alyp bilmän, aç-suwsuz gezip, ýurduna gelip bilmän ýörenlerem kän. Işläp-işläp, aýlygyny alyp bilmän gaýdyp gelýänlerem kän.

Türkmen aýallary Türkiýä gidip, şahsy öýlerde çaga seredýärler, kir-jam ýuwýarlar. Türkiýä gidýän käbir zenanlaryň ol ýerde jelepçilik bilen meşgullanýandygy hakda bolsa daşary ýurt habar beriş serişdelerinde ýazýarlar. Erkek kişiler magazinlerde satyjylyk edýärler, gurluşyklarda işleýärler, naharhana-restoranlarda gap-gaç ýuwýarlar.

Türkmenistanda türkleriň bir gazeti «Zaman» çap edilýär. «Zamany» türkmenler örän gyzyklanyp okaýarlar. Emma bu gazete hem çäklendirmeler degişli. Türk gazetçileri hökümetden geçirmän, islän zatlaryny berip bilmeýärler. Gazeti ýerli häkimiýetler bilen ylalaşyp çykarmaly. Muny kyn görüp, saçyny ýolýanlaram kän. Ýöne, her zadam bolsa, işlenýän ýeriň häkimiýetine, kada-kanunlaryna boýun egmeli bolýar.

Käbir ownuk-uşak öýkeli zatlara seretmezden, iki gardaş - türkmenler hem türkler gatnaşyp dursun! Sebäbi garaşsyz ýaşamak ýolunda türkleriň türkmenlere eden kömegi az däl. Demokratiki jemgyýeti gurmak boýunça hem Türkmenistanyň Türkiýeden öwerenip biljek zady kän. Iki gardaşyň arasyndaky ownuk-uşak kemçilikler, ýetmezçilikler, düşünişmezlikler hem türkmenleriň aýdyşy ýaly, «ýolda barýarka düzeler!»

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG