Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: “Sanksiýalar üçin aýlap garaşmak meýlim ýok”


Prezident Barak Obama özüniň öňümizdäki birnäçe hepdelikde Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan Eýranyň garşysyna täze, berk sanksiýalar tapgyrynyň girizilmegini isleýändigini aýtdy.

Fransuz prezidenti Nikolas Sarkozy bilen birlikde Ak Tamda geçen metbugat konferensiýasynda ol Eýranyň atom ýaragyny edinmeginiň öňüni almakda özüniň fransuz ýolbaşçysy bilen agzynyň birdigini bildirdi: “Meniň umydym, bu işi şu baharda bitirmek. Sanksiýalar üçin ençeme aýlap garaşmak meýlim ýok. Men munuň aňyrsy birnäçe hepdelikde ýola goýulmagyny isleýärin”.

Sarkozy hem: “Eýran barada bir karara gelere wagt boldy” diýip, özüniň bu barada Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we Britaniýanyň premýer-ministri Gordon Brown bilen işleşjekdigni aýtdy.

Eýranyň ýadro programmasy

Birleşen Milletler Guramasynyň Atom Energiýasy Boýunça Halkara Agentligi ýaňy fewral aýynda Eýranyň ýadro göteriji raketa öndürmäge synanyşýan bolmagynyň mümkingini aýtdy.

Tähran özüniň ýadro programmasyndan maksadyň atom ýaraglaryny öndürmekdigini inkär edýär.

Obama “Eýranyň atom ýaragly bolmak isleginiň Orta Gündogaryň abatlygyna we howpsuzlygyna zyýanly täsirleri bar” diýýär.

Amerikan prezidenti sanksiýalar indi gijä goýulmaz diýse-de, Eýrana öz pikirlerini üýtgedip, gepleşik geçirmäge ýol goýdy: “Eýranyň atom ýaragyny edinmeginiň uzak möhletli netijeleri kabul ederliksiz. Fransuz prezidenti, biz ylalaşýarys, eýranlylar içeri girjek bolsalar, gapy açyk. Ýöne olar diplomatik çözgüdiň şertlerini bilýändirler. Bu aralykda biz Birleşen Milletler Guramasynyň sanksiýalaryna tarap gerekli işleri alyp bararys.”

Ylalaşman gelýänler

Eýranyň garşysyna berk sanksiýalar bilen ozaldan ylalaşman gelýän ýurtlar Orsýet bilen Hytaý. Bularyň ikisiniň hem Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde weto hukugy bar, şol sebäpden Waşington bu ýurtlara soňky hepdelerde gysyş görkezip geldi.

Moskwa Waşingtonyň tutumy bilen ylalaşýana meňzeýär. Pekiniň pozisiýasynda hem käbir özgerişler ýok däl. Hytaýyň Daşary işleri ministrliginiň sözçüsi sişenbe güni öz hökümetiniň Eýranyň atom ýaragly bolmagyna garşdygyny bildiridi. Ýöne ol Eýranyň ýadro meselesi boýunça Hytaýyň taraplaryň çynlakaý tagalla, eglişikli hereketleri etmegini isleýändigini aýtdy.

Pekiniň Tährany jezalandyrmaga meýilsizligine sebäp bolýan zat, oňa Eýrandan nebit gerekdigi diýip çak edilýär.
XS
SM
MD
LG