Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adam hukuklaryny goraýan gurama BMG-niň başlygyna ýüzlendi


Halkara Human Rights Watch guramasy BMG-niň delegasiýasynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynyň öňüsyrasynda Ban Ki Muna açyk hat bilen ýüzlendi. Ol hatda regionyň hökümet ýolbaşçylary bilen boljak duşuşyklarda bu ýurtlardaky adam hukuklary meselesini hem gozgamaga çagyryş edilýär.

Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Reýçel Denber Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beren interwýusynda özleriniň bu haty ýazmak bilen, Ban Ki Munuň bu sebitde geçirjek duşuşyklarynda adam hukuklary meselesini gozgamagyna umyt edýändiklerini aýtdy.
XS
SM
MD
LG