Sepleriň elýeterliligi

Media gözegçisi žurnaliste hüjüm edilmegini ýazgarýar


Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Žurnalistleri goramak komiteti şu aý nebit kompaniýasynda aýlyk sebäpli bolan iş taşlaýyş barada ýazan gazak žurnalistine hüjüm edilmegini ýazgardy.

Gurama «Swoboda slowa» hepdeliginiň žurnalisti Igor Larranyň Aktobe şäherinde näbelli adamlar tarapyndan urlup-ýenjilendigini aýdýar.

Larra žurnalist Igor Kimiň edebi lakamydyr. Ol KazMunaýGaz nebit kampaniýasynda işçileriň gozgalaňy barada ýazdy.

Žurnalistleri goramak baradaky komitet häkimiýetleriň üç hepdä çeken seýrek iş taşlaýyş barada ýazan beýleki žurnalisleriň hem birnäçesini tussag edendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG