Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan dünýäde iň uly haşiş öndüriji


BMG Owganystan dünýäniň diňe iň uly tirýek öndürijisi däl, iň uly haşiş öndürijisi hem bolup durýar diýdi.

Şu gün Wenada çap edilen hasabatda Owganystanda ýylda 1500 we 3500 tonna aralygynda haşiş öndürilýändigi, bu önümiň umumy bahasynyň 94 million dollara etýändigi aýdylýar.

Şeýle-de hasabatda 10 müňden 24 müň gektara çenli meýdana kenep ekilýändigi we her gektardan 145 kg haşiş alynýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG