Sepleriň elýeterliligi

Amerikan admiraly Talybany ýeňmekde Kandahar möhüm diýýär


Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli harby komandiri, admiral Maýk Mullen şu gün Kabulda çykyş edip, Owganystanyň günortasyndaky Kandahar şäherini kontrol astyna almak Talybany togtamagyň bir açary bolup durýar diýdi.

Birleşen Ştatlaryň Harby liderleriniň baş ştabynyň başlygy Kandahara goňşulykda ýerleşýän Helmand welaýatynyň Marja şäherinde ýerli liderler bilen duşuşdy.

NATO şu tomus Kandahardaky Talyban jeňçilerine garşy söweşe başlamagyň planlaryny yglan etdi.
XS
SM
MD
LG