Sepleriň elýeterliligi

Serb parlamenti Srebrenika gargynçylygyny ýazgarýar


Serb parlamenti 1995-nji ýylyň iýulynda Bosniýanyň Srebrenika şäherinde serbler tarapyndan 8 müň çemesi musulman erkeginiň öldürilmegini ýazgarýan rezolýusiýany tassyk etdi.

Bu karar şu gün irden Belgradda, 250 orunly parlamentiň 127 agzasynyň goldmagynda kabul edildi. Emma rezolýusiýada bu bolan hadysa genosid, ýagny gyrgyn atlandyrylmaýar.

Bu karar Serbiýanyň dolandyryjy Günbatara tarapdar koalisiýasy tarapyndan goldanyldy.

Milletçi deputatlar ony «utançly» we «adalatsyz» karar hökmünde ret etdiler.
XS
SM
MD
LG