Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystan partlamalarynda 12 adam öldi


Derňewçileriň aýtmagyna görä, şu gün Demirgazyk Kawkazyň Dagystan respublikasynda bolan goşa partlamada 12 adam ölüp, 20-den gowrak adam ýaralandy.

Kizlýar şäherinde bolan partlamalarda ölenleriň arasynda birnäçe polisiýa işgäri, şol sanda ýokary derejeli polisiýa resmisi hem bar.

Bu partlamalar Moskwa metrosynda janyndan geçen aýallaryň amala aşyran partlamalaryndan iki gün soň boldy.

Moskwada duşenbe güni bolan metro partlamalarynda 39 adam öldi.

Häkimiýetler bu hüjümi mala aşyran aýallaryň Demirgazyk Kawkazdaky jeňçiler bilen ilteşiklidigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG