Sepleriň elýeterliligi

Gaitä 10 milliard dollar ýardam ediler


BMG-niň maglumatyna görä, ýakynda bolan ýer titremeden aşa zyýan çeken Gaitä ýurdy gaýtadan gurmak boýunça donor ýurtlar 10 milliard dollar töweregi kömek bermegi wada berdiler.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun çarşenbe güni eden çykyşynda bu ýurda ýardam bermek boýunça ýakynda Nýu Ýorkda geçirilen konferensiýa 100 töweregi ýurtdan wekilleriň gatnaşanlygyny aýtdy.

Ol aýratynam halkara jemgyýetçiliginiň bu ýurdy gaýtadan gurmak prosesi boýunça geljek iki ýylyň dowamynda Gaitä 5,3 milliard dollar berjekdigini belledi.

Ban bu barada eden çykyşynda umuman aýdylanda geljek ýyllaryň dowamynda bu ýurda beriljekdigi yglan edilen kömegiň 9,9 milliard dollara barabardygyny nygtady.

Ban wada berlen bu kömegiň garaşylandan ýokary bolanlygyny-da belledi.

Bu konferensiýany gurnaýjylar geljek iki ýylyň dowamynda Gaiti boýunça azyndan 3,8 milliard dollar kömek toplamagy maksat edinýärdiler.
XS
SM
MD
LG