Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG yrakly liderleri saýlawlaryň netijesine hormat goýmaga çagyrdy


BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi yrakly syýasy partiýalara we liderlere ýüzlenip ýaýradan beýanatynda olary 7-nji martda geçirilen saýlawlaryň netijesine hormat goýmaga çagyrdy.

Şol ses berişlik netijesinde premýer-ministr Nuri Al-Maliki tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän we esasan hem şaýylardan ybarat bolan hökümet häkimiýet başyndan çekilmeli bolar.

Şol saýlawlarda öňki premýer-ministr Aýad Allawiniň sünni we şaýylardan ybarat koalisiýasy Malikiniň toparyndan köp ses gazandy.

Howpsuzlyk Geňeşi bu baradaky beýanatyny Yrakda geçirilen saýlawlaryň netijeleri hakda diskusiýa geçirenden soň çarşenbe güni ýaýratdy.

Şol beýanatda saýlawlaryň netijesine we Yragyň ilatynyň islegine hormat goýmaga yrakly syýasy partiýalara çagyryş edilýär.
XS
SM
MD
LG