Sepleriň elýeterliligi

Eýranly wekil Yragyň içerki işlerine aralaşamyzok diýdi


Eýran Yragyň içerki syýasatyna aralaşýanlygy baradaky aýyplamalary çarşenbe güni ret etdi.

Eýrana garşy bu aýyplamalary ýakynda Yrakda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanan Aýad Allawi orta atypdy.

Ol BBC telekanalyna beren interwýusynda özüniň Yragyň premýer-ministr bolmagyna Eýranyň böwet bolmaga synanyşýanlygyny öňe sürüpdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Ramin Mehmanparast çarşenbe güni eden çykyşynda yrakly partiýalar tarapyndan hökümet gurmak boýunça edilýän tagallalar Yragyň içerki meseleleridir diýdi.

Mehmanparast sözüni dowam etdirip, “Yrakly liderler, elbetde, bu çäräni daşarky ýurtlaryň bähbitlerini nazara alman, öz saýlaw kanunlaryna görä amala aşyrar” diýdi. Ol Eýranyň bu işlere aralaşmaýanlygyny hem sözüniň üstine goşdy.

ABŞ Yragyň syýasy durmuşyna we bu ýurtda dowam edýän mezhebara çaknaşyklara Eýranyň aralaşýanlygyny öňe sürüp gelýär.
XS
SM
MD
LG