Sepleriň elýeterliligi

Seperatist lider Moskwadaky partlamalaryň jogapkärçiligini boýun aldy


Orsýetiň paýtagty Moskwada duşenbe güni bolan bomba partlamalarynyň jogapkärçiligini çeçenistanly seperatist toparyň lideri Doku Umarowyň öz üstüne alanlygy aýdylýar.

Moskwanyň metrolarynda bolan şol partlamalarda azyndan 39 adam heläk bolupdy.

Resmi däl bir yslamçy web sahypada goýlan ýazgyda özüni Umarow diýip tanadýan şol adam bu hüjümleriň amala aşyrylmagyna özüniň buýruk berenligini aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, bu çäre Orsýetiň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan Çeçenistanyň Arşty obasynda 1-nji fewralda geçirilen operasiýalara garşylyk hökmünde amala aşyrylypdyr.

Şol wideo ýazgyda çykyş eden adam Orsýete garşy hüjümleriň dowam etdiriljekdigini öňe sürdi.

Bu Moskwada bolan şol partlamalaryň jogapkärçiligini boýun alyp edilen ilkinji çykyşdyr.
XS
SM
MD
LG