Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwadaky partlamalary kim etdi?


Çeçen gozgalaňçylarynyň näresmi internet sahypasy kavkazcenter.com tarapyndan düýn You Tube saýtyna iberilen bir wideoda gepleýän adam özüniň Doku Umarowdygyny, Moskwada bolan metro partlamalarynyň hem öz şahsy buýrugy boýunça amala aşyrylandygyny aýdýar.

Doku Umarow
Onuň aýtmagyna görä, bu iş 1-nji fewralda Arşty obasynda bigünä çeçenlere garşy Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) tarapyndan geçirilen ýörite operasiýa berlen jogap.

Çeçen gozgalaňçylary ors güýçleriniň: “Bu söweşde ölenleriň hemmesi pitneçiler ýa-da atyşykda tötänden ok degenler” diýýänini ýalana çykarýarlar.

Adam hukuklary boýunça aktiwistleriň aýtmagyna görä-de, bu operasiýada ölenleriň, ors güýçleriniň aýdyşy ýaly, tötänden däl-de, bilgeşleýin öldürilen bolmagy ähtimal.

Wideoda gürleýän adam Orsýete garşy hüjümleriň dowam etjekdigini aýtdy: “Biziň bu hereketimiz çeçen halkynyň iň garyplaryna garşy, iň ejizlerine garşy orslaryň eden jenaýatlaryna berilýän kanuny jogap. Biz hüjümlerimizi ors topragynda dowam etdireris. Orslar öz ýaragly güýçleriniň Kawkazda edýän jenaýatlaryny, gazaply hereketlerini bilmezlige salmaz ýaly, uruş ors şäherlerine barar”.

Dagystanda-da partlama boldy

Düýn ir ertir Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz respublikasy Dagystanda bolan iki partlamada hem 12 adam ölüp, 20 adam ýaralandy.

Kizlýar şäherini sarsdyran bu partlamalarda ölenleriň dokuzysy polisiýa işgäri. Bularyň biri ýerli polisiýa edarasynyň başlygy.

Orsýetiň Içeri işleri ministri Raşid Nurgaliýewiň aýtmagyna görä, ilkinji hüjümçi maşynyndaky bombany Kizlýaryň Içeri işler ministrliginiň golaýynda partladypdyr.

“Sürüji düzgüni bozup, maşynyny saklaman, şäheriň merkezine tarap gönügipdir. Polisiýa işgäri hem onuň yzyndan kowalap, oňa ýetiberende bomba partlapdyr. Bu howply ýük nirä niýetlenipdir? Şol golaýda bir mekdep bar. Şäheriň Içeri işler ministrligi, Federal howpsuzlyk gullugy hem şol ýerde” diýip, Nurgaliýew aýtdy.

Bu partlamada iki polis işgäri öldi.

Nurgaliýewiň aýtmagyna görä, ikinji partlama hem ondan az salym soň, şol ýerde bolupdyr. Janyndan geçen hüjümçi polis eşigine girip, barlagçylaryň we şol ýere üýşen adamlaryň arasyna baryp, bomba ýarypdyr.

Nämäniň alamaty?


Gozgalaňçylaryň hüjümleri soňky ýyllarda köplenç Demirgazyk Kawkazda, aýratyn-da Çeçenistan bilen goňşy Dagystanda bolýar.

Tutuşlygyna alanyňda, partlaýan bombalar Kremliň gozgalaňçylaryň alyp barýan işlerini togtadyp bilmänligini görkezýär.

Duşenbe güni Moskwada bolan partlamalaryň biri FSB-niň edarasynyň edil aşagynda, Lubýanka duralgasynda boldy. Ondan 40 minut soň ikinji partlamanyň bolan ýeri hem ”Park Kultury” duralgasy.
XS
SM
MD
LG