Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Owadan myhmanhanalary dolandyrjak kadr ýok”


Ýewrokomissiýa tarapyndan goldanylýan “Ýewropanyň türgenleşik fondy” atly gurama geçen hepde Türkmenistanda dürli ugurlar boýunça okuw seminarlaryny geçirdi. Agzalýan guramanyň Türkmenistan boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Timo Kuusela bu seminarlaryň esasanam Türkmenistanda kadrlary ýetiştirmegi maksat edinýänligini aýtdy.

Bu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir Timo Kuusela bilen ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Siz şu mahal Türkmenistanda gezip ýörsüňiz, saparyňyzyň maksady barada dolurak maglumat beräýseňiz?

Timo Kuusela: Biz Türkmenistana bilim pudagy boýunça seminar geçirmek üçin geldik. Bu saparyň dowamynda käbir türkmen ýolbaşçylary bilen hem özara gepleşikler geçirmäge wagt tapdym. Şol duşuşyklarda geljekde biziň amala aşyrjak planlarymyz hakda pikir alyşdyk.

Azatlyk Radiosy: Şu gürrüňini edýän planlaryňyz barada maglumat berip biljekmi?

Timo Kuusela: Biz geçen iki ýyldan bäri bilimi döwrebaplaşdyrmak boýunça iki proýekte degişli iş alyp barýarys. Bu proýektler Ýewrokomissiýa tarapyndan maliýeleşdirilýär. Olardan biri bilim pudagyny reformalaşdyrmak, beýlekisi-de professional bilim bilen bagly. Men esasanam ikinji proýekte aktiw gatnaşýaryn.

Biz proýekti taýýarlap, türkmen ýolbaşçylaryna tabşyrdyk. Haçanda olar ony tassyklasa, şonda biz ony durmuşa geçirip başlarys. Bu biziň alyp barýan esasy işlerimizden biri.

Bu proýektler bilen bir hatarda biz geçen iki ýyldan bäri Türkmenistanda dürli iş seminarlaryny geçirýäris. Biz şol seminarlarda orta atylýan pikirler barada öz garaýyşlaryny beýan etmek üçin Türkmenistanyň ministrlikleriniň wekillerini hem çagyrýarys. Maksadymyz – Türkmenistanda bu ugurda bolup geçýän wakalara göz ýetirmek, şeýle-de halkara tejribeler bilen türkmen wekillerini tanyşdyrmak.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistanyň bilim pudagyny reformalaşdyrmak barada hökümete teklip hödürlänligiňizi aýtdyňyz, bu teklipde näme hakda gürrüň edilýär, bu barada bize dolurak maglumat berip biljekmi?

Timo Kuusela:
Türkmenistanyň bilim pudagy barada näderejede maglumatyňyzyň bardygyny bilemok, emma 2007-nji ýyla çenli Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginden gaty üzňedi. Alnyp barlan şeýle syýasat zerarly, Türkmenistanyň bilim pudagy barha dargap başlady. Bilim sistemasynda dürli problemalar ýüze çykdy.

2007-nji ýylda häkimiýet başyna geçenden soň, ýurduň täze prezidenti bilim pudagyny iň öňde goýýan ugurlaryndan biri hökmünde saýlady we dürli mümkinçiliklere ýol açdy.

Biziň proýektlerimiz ýurduň umumy bilim pudagyny reformalaşdyrmak, türgenleşik geçirmek we hünär öwredýän mekdepleri reformalaşdyrmak boýunça goldaw bermegi maksat edinýär. Hünär öwredýän edaralaryň we mekdepleriň, şeýle-de türgenleşik geçirýän edaralaryň ýagdaýy gaty gözgyny. 1990-njy ýyllardan soň bu edaralaryň köpüsi eýesiz galyp, ýapyldy.

Bu ugur boýunça 2008-nji ýylda işe başlanymyzda, biz bu pudagy aýaga galdyrmak üçin hökümet edaralarynyň arasynda koordinasiýany nähili ýola goýup bolar diýlen mesele hakda pikirlenip başladyk. Şeýlelik-de başlanmagy göz öňünde tutulýan häzirki proýektlerimiz, umuman aýdylanda, 3-4 ýylda tamamlanar we bu okuw jaýlarynda berilýän bilimiň we hünäriň hilini ösdürmek, mugallymlary türgenleşdirmek ykdysady bazaryň talaplaryna görä hünärmenleri ýetişdirmek we bu ugurda amala aşyrylmaly türgenleşikleri geçirjek mekdepleri goldamak ýaly maddalary öz içine alýar.

Azatlyk Radiosy: Meni esasanam ýokary okuw jaýlaryny reformalaşdyrmak barada alyp barýan işiňiz gyzyklandyrýar. Siz bu barada hökümete bir teklip hödürlänligiňizi aýtdyňyz, hödürlenen bu teklipde näme bar?

Timo Kuusela: Biz göni ýokary okuw bilen bagly iş alyp barmaýarys, bize berlen ygtyýar hünärmenleri ýetişdirýän mekdepler we türgenleşik işlerini amala aşyrýan edaralar bilen bagly.

Ýewropa Bileleşiginiň “Tempus” atly başga bir proýekti hem bar, şol programma esasynda ýokary okuw jaylary boýunça Türkmenistanda iş alnyp barylýar. Türkmenistanyň ýokary okuw jaylary şol programmanyň üsti bilen Ýewropa uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Hünärmenleri ýetişdirýän institutlar barada gürrüň edilende, ýurduň dürli pudaklarynda professional kadrlara zerurlyk bar ýaly. Sebäbi ykdysadyýet barha ösüp barýar.

Energiýa pudagy bilen bir hatarda ykdysadyýeti köp ugurly etmek boýunça hökümet dürli sektorlara maýa goýýar, emma gurlan şol edaralarda iş alyp barjak kadrlary ýetişdirer ýaly ýurtda edara ýok. Meselem, turizm we myhmançylyk sektory barada gürrüň etsek, hökümet häzirki döwürde bu pudaga gaty ähmiýet berýär we Hazaryň gyrasynda gurluşyk işlerini alyp barýar.

Biz hökümet wekilleri bilen geçirýän duşuşyklarymyzda şu meselä ünsi çekdik. Elbetde, infrastrukturany dikeltmek üçin maýa goýmak zerurdyr, emma şol pudagy dolandyrjak kadrlary ýetişdirmek üçinem tagalla edilmeli. Sebäbi berk bäsleşik dowam edýän häzirki döwürde, eger myhmanlara göwnejaý hyzmat edilmese, turistleriň Türkmenistana gelmegine garaşyp bolmaz.

Siziň myhmanhanalaryňyz aşa owadan bolup biler, gurluşuk işleriniň aşa ýokary derejede amala aşyrylan bolmagy-da mümkin, emma edilýän hyzmatyň hili gowy bolmasa, turistleriň dynç almak üçin bu ýurdy saylamagyna garaşyp bolmaz.

Şol sebäpden biz türkmen ýolbaşçylaryna halkara tejribelerinden ybarat bu proýektlerimizi goldamagy maslahat berýäris. Bu kadrlary ýetişdirmekden, şol sanda mugallymlary we mekdepleriň ýolbaşçylaryny türgenleşdirmekden we edaralary döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr. Sebäbi bu ugurdaky edaralar häzirki ýa geljekki ykdysady bazar tarapyndan bolaýmagy mümkin talaby ödemäge ýeterlik hem ukyply däl.

Azatlyk Radiosy: Meniň düşünişime görä, siz, umuman, kadrlary ýetişdirmek barada tagalla edýärsiňiz. Eger şeýle bolsa, Türkmenistanda kadrlaryň ýetmezçilik edýänligi hakda bize gaty köp maglumat gowuşýar, bu hakykatdanam şeýlemi?

Timo Kuusela:
Geçen 10-15 ýylyň dowamynda Türkmenistanda bilim pudagyna, esasanam hünärmenleri ýetişdirýän edaralara o diýen üns berilmedi. Hünärmenleri ýetişdirýän mekdepler barada aýdylanda, hökümetiň alyp baran bu syýasaty zerarly mekdepler özbaşyna galdy we olar özüçe aýak üstünde galmaga synanyşdylar. Hökümetiň şeýle edaralara berýän maliýe kömegi kesildi. Netijede şeýle mekdepler diňe studentleri däl, öz girdeji çeşmelerini-de özleri tapmaly boldular.

Hünärmenleri ýetişdirmek üçin çäklije möhlet boýunça geçirilýän türgenleşik bilen gowy netije gazanyp bolanok, olar hünär öwrenmeli we bu hem uzak möhletli bolmaly, elbetde, pul töläp şeýle okuwlarda okamak studentleriň hemmesine başartmaýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmen ýolbaşçylary siziň orta atan bu problemalaryňyzy kabul edýärmi, ýagny bilim pudagynda olar haýsydyr bir problemanyň bardygyny boýun alýarlarmy?

Timo Kuusela: Hökümet ýolbaşçylarynyň bu problemany kabul edip-etmeýänligini aýtmak gaty kyn. Biziň seminarlarymyza gatnaşýan hökümet wekilleri bu meseläni düýpli öwrenmäge pursat tapýarlar. Olaryň köpüsi-de şeýle problemalaryň bardygyny boýun alýarlar.

Hünärmenleri ýetişdirmek baradaky sektor bilen bagly gürrüň edilende, esasy mesele bu ugur barada hökümet gulluklarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň bolmazlygy we bu barada haýsydyr bir milli syýasatyň ýoklugydyr.

İkinji mesele bolsa, bu pudakda berilýän bilimiň derejesiniň aşa peselenliginde. Esasanam bu pudakda öwredilýän bilimiň talaba laýyk bolup-bolmazlygy we jemgyýetiň, ykdysady bazaryň, hususanam, ýaşlaryň talabyny ödäp-ödemezliginde.

Biz hünär öwretmäge gönükdirilen okuw seminarlarynyň az sanly hünäri öwredýän edara däl-de, eýse häzirki talaba laýyk kadrlary ýetişdirmek üçin uzak möhletli programmalary ýola goýýan edaralara öwrülmegini maslahat berip gelýäris. Iki-üç aý möhletli türgenleşikler arkaly ýaşlary ýetişdirmek we olara döwrüň talabyna görä hünär öwretmek mümkin däl.

Hökümet ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarymyzda maslahatlaşylan temalardan biri hem talyplar üçin okuwyň elýeterliligi meselesidir. Biziň pikirimizçe, bu Türkmenistan üçin uly problemadyr. Biz öz proýektlerimiz arkaly bu meselä-de çözgüt tapmaga synanyşýarys.

Biz bu meseläni hökümet wekilleri bilen geçirilen duşuşyklarymyzda-da gozgadyk, olar bize bu ugurda garşylyk görkezmediler. Prinsipde bu proýektler dowam edýär. şunlukda bu hem hökümetiň biziň gelen netijämiz bilen ylalaşýanlygyny aňladýar.

Azatlyk Radiosy: Bilimiň elýeterliligi baradaky meseläni gozgadyňyz, bu barada dolurak maglumat berip biljekmi?


Timo Kuusela: Türkmenistanyň täze prezidenti orta mekdepleriň okuw möhletini 9 ýyldan 10-ýyla çykardy. Biziň öz proýektlerimiz arkaly amala aşyrmaga synanyşýan zadymyz, talyplaryň orta mekdebi tamamlandan soňra hem okuwlaryny dowam etirmäge mümkinçilikleriniň bolmagydyr. Bu Türkmenistanda esasy problemalardan biri, sebäbi bu ýurtda mümkinçilikler gaty çäkli, ýokary okuw jaýlarynyň we her ýyl şol uniwersitetlere kabul edilýän studentleriň sany talaby ödemek üçin ýeterlik däl.

Şeýle-de hünär öwredýän mekdepler hem tölegli, şeýlelik-de eger haýsydyr bir ýaş adam hünär öwrenmek islese, ol okuwa girmek we ony öwrenmek üçin pul tölemeli bolýar. Biziň çaklamamyza görä, hemmäniň bu puly tölemäge ýagdaýy ýok, diýmek, hususy sektoryň we hökümetiň bileleşip bu meselä çözgüt tapmagy zerur.

Bilimiň elýeterliligi barada orta atan pikirimiň esasy özeni şundan ybarat.

Azatlyk Radiosy: Siz iş alyp barjak proýektleriňizi nähili saýlaýarsyňyz, bu ugurda hökümet bilen bileleşip, karar kabul edilýärmi?

Timo Kuusela: Elbetde, emma bu giň prosesdir. Biz häzirki proýektlerimizi kämileşdirmek üçin iki ýyldan bäri iş alyp barýardyk. Olaryň biri ýaňy-ýakynda başlandy we beýlekisi bolsa şu ýylyň aýagyna başlanar. Aýtjak bolýan zadym, bu duşuşyklar, gepleşikler, ylalaşyklar we onuň durmuşa geçirilip başlanmagy, elbetde, köp wagt alýar.

Esasanam magaryf we türgenleşik pudagy barada gürrüň edilende, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk esasynda şu güne çenli Türkmenistanda amala aşyrylan o diýen uly proýekt ýok. Olar şeýle proýektleriň ýurda nähili peýda getirjekdigine we halkara tejribelerinden özleriniň nähili peýdalanyp biljekdiklerine göz ýetirmek isleýärler.

Şeýlelik-de bu barada türkmen hökümeti bilen doly pikir alşylýar we mümkin boldugyndan ýokary derejeli wekiller bilen ylalaşyga gelnenden soň, işe başlanylýar.
XS
SM
MD
LG