Sepleriň elýeterliligi

Mollanepesiň 200 ýyllygynyň dabaralary


Türkmeniň klassyk şahyrynyň 200 ýyllyk ýubileýiniň baýramçylygy mynasybetli, apreliň 1-10-y aralygynda ýurduň dürli ýerlerinde baýramçylyk dabaralary, sergiler guralar.

Mollanepesiň ýubileýiniň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň teatrlarynda bolsa şahyryň ömri bilen bagly sahnalaşdyrylan täze spektakllaryň premýerasy bolar. «Watan» kinoteatrynda bolsa «Mollanepes» atly çeper-publisistik film görkeziler.

Mollanepesiň ýubileýiniň baýramyny bellemek boýunça döwlet tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda on günüň dowamynda 40-dan gowrak çäreler geçiriler.

Yşk mülküniň şasynyň ýubileýi bilen bagly çärelerden başga-da, şahyryň «Zöhre we Tahyr» dessany owadan çeper bezegler bilen kitap görnüşinde türkmen we rus dillerinde neşir edildi.

Mundan başga-da, şahyryň şygyrlarynyň türkmen, azerbaýjan, özbek dillerindäki ýygyndylary çap edilip, okyjylar köpçüligine hödürlenildi.

Mollanepesiň ýubileýiniň şeýle dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilmeginde ýurduň prezidentiniň bu senäni bellemek baradaky karara bir ýyl öňünden gol çekmegi bilen düşündirse bolar. Şu sebäpden hem bir ýyl möhletiň dowamynda ýurduň her bir teatry öz sahnasynda şahyryň ömri bilen bagly spektakllary sahnalaşdyrmaga, «Türkmenfilm» bolsa şahyr barada çeper-publisistik film düşürmäge mümkinçilik tapdylar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG