Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polisiýa halal adamlar işe alynmaly


Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugy bilen, içeri işler edaralaryna talaba laýyk ýolbaşçylyk etmändigi, işgärleri saýlap-seçip almakda işleriň göwnejaý guralmandygy, şeýle hem tabşyryklaryň pes derejede ýerine ýetirilendigi üçin Türkmenistanyň Içeri işler ministri Mulikow Isgender Handurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de goýberilen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy oňa duýduryldy.

Polisiýa edaralaryna talaba laýyk ýolbaşçylyk etmezlik, işgärleri saýlap-seçip almakda işleriň göwnejaý guralmazlygy, tabşyryklaryň pes derejede ýerine ýetirilmegi diýen ýaly kemçilikler türkmen polisiýasynyň işinde mydama bar zat. Ýöne bir zady welin bellemek gerek. Türkmenistan Garaşsyzlygyny alaly bäri eýýäm näçinji saparlar ýurduň Içeri işler ministri täzelenýär. Galkynyşlar döwri diýlip at berlen - geçen üç ýylyň içinde-de eýýäm, şu - Mulikow üçinji Içeri işler ministri.

Diňe bir Içeri işler ministri däl, Goranmak ministrem, beýleki ugurlara degişli ministrlerdir ýolbaşçylar hem häli-şindi täzelenip durulýar. Olaryň öz iş ýerlerinden «Taňryýalkasyn» bilen hormatly pensiýa ugradylýanlary ýok. Munuň şeýle bolmagynda diňe bir işgär saýlap-seçip almak meselesi ýa-da tabşyryklaryň pes berjaý edilmegi, işleriň göwnejaý guralmazlygy däl, eýsem, syýasy oýun ýatýar. Ýolbaşçylary bir ýerde köp oturtmazlyk hem häli-şindi çalşyp durmak, şeýlelikde-de işgärleri biri-biri bilen öwrenişdirmezlik syýasy oýnuň esasy.

Işgärleri saýlap-seçmek mümkinmi?

Häzir Türkmenistanda diňe bir polisiýada işletmek üçin däl, eýsem, ýurduň islendik pudagynda işletmek üçin işgärleri saýlap-seçip almak mümkin däl. Sebäbi her kim tapan işine, tapan okuwyna girýär. Okuw-hünär saýlamagam, iş saýlamagam ýat boldy. Polisiýa ýurduň polisiýa akademiýasyny tamamlanlary, uniwersitetiň ýuridiki fakultetini tamamlanlary hem-de käbir beýleki okuw jaýlary tamamlanlary işe alýarlar.

Polisiýa işe girmek üçin ýedi arkaň hakda maglumat berýän anketany doldurmaly. 1900-nji ýylda doglan babaň kakasy sowet hökümeti tarapyndan repressirlenen bolsa-da, polisiýa işe almak bolanok. Garaşsyzlyk ýyllarynda türmä düşenleriň çagalaryna-ha polisiýada asla işlemek bolanok. Garaşsyzlygyň hem her ýylynda ortaça sekiz-on müň adam türmeden boşadyldy. Ýigrimi ýyly hem on müň adamdan hasaplaň, iki ýüz müň adam bolýar. Şolaryň çagalaryny, garyndaşlaryny, hat-da gudalaryny-da polisiýa işe almak bolanok. Başizm günäli-günäsiz adamlaryň müňlerçesininiň adyny gara spisoga ýazdy. Olaryň çagalaryny, garyndaşlaryny polisiýa işe almak bolanok. Garaz, şeýle mysallary näçe getirseň, getirip oturmaly. Beýle ýagdaýda elbetde, işgäri saýlap-seçip bolmaýar.

Polisiýada kim işleýär?

Polisiýada işleýänleriň aglabasy ýolbaşçy işgärleriň çagalary. Polisiýa ýolbaşçylarynyň, prokurorlaryň, goşunyň ýolbaşçylarynyň, häkimleriň we şuňa meňzeş ýene-ýeneleriň… Olar biri-birine jaň edip, biri-birlerini işe alýarlar, biri-birlerini goraýarlar. Lellimlikde ulalan ýolbaşçy işgärleriň çagalary işe, aýratyn-da polisiýanyň gerdeninde durýan agyr hem jogapkärli işe ukyply bolmaýarlar. Olar aňsadyna bakýarlar. Polisiýa edaralarynyň gapdalyndan geçeniňde polisiýa işgärlerine degişli gymmatbaha, daşary ýurt maşynlarynyň köplüginden ýaňa ötere-geçere ýagdaý ýoklugy olaryň nähili işleänligini aýdyň görkezýär.

Olar örän gomparýarlar. Adam ýaly gepleşmegi-de başaranoklar. Günäli-günäsiziň üstüne it ýaly bolup, azgyrylyp gygyrýarlar. Olaryň iş başarnyklarynyň pesligine polisiýa edaralarynyň öňündäki maglumatnamalara ýelmenip goýlan - öldürilen hem-de şahsyýeti anyklanmadyk adamlaryň, agyr jenaýaty etmekde aýyplanyp, gözlenilýän jenaýatkärleriň suratlarynyň esli wagtlap durmaklygy-da şaýatlyk edýär.

Polisiýa hakyky günäkäri tapmaga, jenaýatyň üstüni açmaga ukypsyz. Mysal üçin Aşgabadyň töweregindäki Şor posýologynda mundan dört-bäş ýyl öň on iki-on üç ýaşlar töweregindäki gyzjagaz zorlanyp öldürildi. Bu işi edeni tapman, günä gyzjagazyň ruhy taýdan näsag daýysynyň üstüne atylypdyr. Gyzjagazyň daýysynyň aýal-gyz meselesine asla düşünmeýän näsagdygyny gürrüň edýärler. Şol waka bolandan soň Şor posýologynda on bäş-on alty ýaşlyja gyzlaryň ýene ikisi zorlanyp öldürilip, kanala atyldy. Bu işi edeni-de tapmadylar. Ýöne halkyň arasyndaky gürrüňe görä, şol döwürler köne ak maşynly biri Şor posýologynda köp aýlanypdyr hem-de gyzjagazlaryň şol maşyna münüp duranlaryny ýasa gelenleriň arasyndaky gürrünlerde aýdanlar bolupdyr.

Beýle mysallary näçe getirseň getirip oturmaly. Näbelli jenaýatyň üstüni açmakda polisiýa işgärleri ýa-ha ýaltalyk edýärler, ýa-da olar ukypsyz.

Içeri işler ministrleriniň birsyhly çalşylyp durulmagy ýurduň polisiýasynyň işini düzedermi?

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG