Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Eýran boýunça gepleşiklere çagyrýar


Penşenbe güni Hytaýyň hökümeti Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly dawaly meseleleriň parahatçylykly rezolýusiýalar bilen çözülmegi ugrunda iş alyp barjakdyny mälim etdi.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Kin Gang bu barada eden çykyşynda Eýranyň ýadro programmasy barada Hytaýyň aladalanýandygyny, ýöne bu ugurdaky meseleleri diplomatik ýollar bilen çözmek ugrunda Hytaýyň ähli taraplar bilen özara gepleşik alyp barýandygyny aýtdy.

Şu gün ýadro meseleleri boýunça Eýranyň ýörite wekili Saed Jalili Hytaýyň resmileri bilen özara gepleşik geçirmek üçin Pekine bardy.
XS
SM
MD
LG