Sepleriň elýeterliligi

Karzaý BMG-niň we ÝB-niň resmilerini aýyplaýar


Penşenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamyd Karzaý käbir daşary ýurtly resmileri, şol sanda, Birleşen Milletler Guramasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň resmilerini geçen ýyl bu ýurtda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda galplyklary amala aşyranlykda aýyplap çykyş etdi.

Kabulda saýlaw komissiýalarynyň işgärleri bilen duşuşygynda eden bu çykyşynda prezident Karzaý geçen ýylky saýlawlarda hakykatdanam galplyklaryň bolandygyny, ýöne bu galplyklaryň gurnalmagyna Owganystanyň raýatlarynyň däl-de, daşary ýurtly resmileriň günäkärdigini aýtdy.

Hamyd Karzaý daşary ýurtlaryň hökümetlerini Owganystandaky saýlawlaryň netijelerini galplaşdyryp, bu ýurtda oýnatgy hökümet döretmek synanyşygynda aýyplady.

Owganystanyň prezidentiniň bu çykyşyna häzirlikçe daşary ýurt hökümetlerinden hiç hili reaksiýa bolmady.
XS
SM
MD
LG