Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda işsizlik, neşekeşlik ýaly sosial meseleler, erkekleriň bir toparynyň iş, okuw üçin daşary ýurtlara gitmegi sebäpli ýalňyz eneleriň, aýrylyşan we dul galan aýallaryň birine ikinji, üçünji aýal bolup barýandyklary we soňra hut şu sebäpli goragsyz galýan gelinleriň-de az däldigi barada aladalar eşidilýär.

Bu bir tarapdan, ykdysady kynçylyklar, halk köpçüliginiň garyp düşmegi, maşgala ekläp biljek erkekleriň azalmagy bilen düşündirilse, ikinji tarapdan, biraz gurply ýaşaýan erkekleriň, bikanun baýlyk toplan resmileriň aýallaryň goragsyzlygyndan peýdalanmagy bilen düşündirilýär.

Gurbanbibi Atajanowa 2005-nji ýylda Türkmenistanyň baş prokurory hökmünde eden çykyşlarynyň birinde prezident Nyýazowyň ýakyn adamlarynyň biri bolan Ýolly Gurbanmyradowyň üç aýalynyň bardygyny aýdypdy.

G. Atajanowanyň 2006-njy ýylyň iýulynda döwlet telewideniýesinde berlen ýene bir çykyşynda bolsa işi derňelen resmileriň hersiniň resmi ýagdaýda dörtden alta çenli aýalynyň bardygy, gezýän aýallarynyň 10-15-e ýetýändigi habar berlipdi.

Türkmenistanda Nyýazow döwründe türmä basylan ýa türmä basylmakdan uly mukdarda para bilen gutulan ýönekeý raýatlaryň we resmileriň anyk sany belli däl. Ýöne bu ýagdaýyň islendik maşgala, şol sanda türmä basylan ýa uly mukdarda para beren erkekleriň aýallary, çagalary üçin uly urgy bolandygy belli.

«Eneler» problemasynyň gerimi belli däl»

Türkmen Helsinki Fondunyň başlygy Täjigül Begmedowanyň pikirine görä, Türkmenistandaky işsizlik, neşekeşlik problemalary bilen bilelikde adalat sistemasynda emele gelen agyr ýagdaý hem ýalňyz eneleriň, dul galan ýa aýrylyşan aýallaryň, atasyz çagalaryň köpelmegine öz täsirini ýetirýär.

«Bu problemanyň hakyky gerimi belli däl, sebäbi häkimiýetler ýalňyz eneler barada hemmetaraplaýyn hasap ýöretmeýär, biz Türkmenistanda bu hili kategoriýa girýän aýallaryň goragy babatda saldamly bir dokumente gabat gelmedik» diýip, hukuk goraýjy T. Begmedowa Azatlyk Radiosyna beren gürrüňiniň başynda aýtdy.

Hukuk goraýjy türkmen döwletiniň her hilem bolanda ilatyň, şol sanda ýalňyz eneleriň hem sosial-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak üçin tagalla edýändigini, ýöne bu tagallalaryň iş ýüzünde anyk ýalňyz eneler kategoriýasyna galtaşmaýandygyny öňe sürýär.

T. Begmedowanyň pikirine görä, eger 1930-njy ýyllarda, Ikinji jahan urşy döwründe bolan wakalar hasaba alynmasa, sowet döwründe türmä düşýän ýa iş, okuw gözleginde başga ýurtlara gidýän erkekler, dul aýallar ýa ýalňyz eneler edil häzirkisi ýaly uly meselä öwrülmändi.

Şol döwürde döwlet ýalňyz enelere hemme taraplaýyn goldaw bererdi. Mysal üçin, ýokary okuw jaýyna girmekde, işe ýerleşmekde, ýaşaýyş jaýyny almakda olara anyk ýardam edilerdi. Şeýle-de olara kömek puly, maddy kömek berlerdi. Eger-de iş ýerleri kemeldilmeli bolsa, ýalňyz eneler iň soňky nobatda ştat kemeltmä degişlidiler.

Taýagyň iki ujy

Türkmenistandan gowuşýan habarlar häzir ýalňyz eneler babatdaky ýagdaýyň biraz üýtgändigini görkezýär.

«Sosial-ykdysady ýagdaýyň uzak ýyllap ýaramazlaşmagy, işsizligiň derejesiniň ýokarlanmagy, neşekeşlik, erkek adamlaryň bir böleginiň iş, okuw gözleginde daşary ýurtlara gitmegi sebäpli gyzlar nähilem bolsa bir maşgalaly bolmak üçin, ýa-da bolmasa jynsy gatnaşykdaky tejribesizlik, bilimsizlik zerarly graždan nikasynda durmaga mejbur bolýarlar» diýip, Begmedowa aýdýar.

«Ýöne bu ýerde taýagyň iki ujy bar - diýip, Begmedowa sözüni dowam etdirýär. - Ýalňyz ene birnäçe hukukdan mahrum bolýar. Mysal üçin, ol bir erkek bilen graždan nikasynda, ýagny ýazylyşman ýaşap, umumy emläge hakly bolup bilmeýär.»

Hukuk goraýjy ýalňyz enäniň ýaşaýan adamsynyň garyndaşlarynyň arasynda pikir-garaýşyny aýdyp bilmeýändigini ýa-da onuň sözüniň kän bir alga alynmaýandygyny aýdýar. Iň esasy mesele bolsa bu ýagdaýyň ahlak tarapy, bu hili şertde ýaşaýan aýala adamsynyň maşgalasynda başga sortly aýal hökmünde, äsgermezçilikli garaýarlar. Bu bolsa diňe onuň özüne däl, eýsem onuň çagasyna-da ýaramaz täsir edýär. Bu hili ýagdaýda doglan çaga çagalar bagynda, mekdepde beýlekileriň kemsitmesine duçar bolýar.

Käbir ýagdaýlarda bolsa, seýregrägäm bolsa, aýallaryň graždan nikasynda hem ikinji, üçünji aýal bolup ýaşaýan halatlary hem bar. Beýle ýagdaýda şeýle aýalyň ýaşaýan adamsy iki, üç maşgalany ekläp bilmeýär. Bu hili ýagdaýda çaga iýgi-içgi, geýim-eşik ýaly ýönekeý üpjünçilikden hem mahrum bolýar. Şu ýerdenem maşgala dawalary, urlup-ýenjilmeler ýüze çykýar.

T. Begmedowa bu hili ýagdaýda ýalňyz eneleriň meseläniň etiki nukdaýnazaryndan hemişe polisiýa, häkimiýetlere arz etmeýändigini aýdýar. Eger maşgalada aýal, çagalar urulsa, bu hem jynsy esasadaky diskriminasiýa bolýar. Umuman alnanda, bu mesele problemanyň bir topar tarapyny öz içine alýar. Onuň çägi aýaly ýaşaýyş üçin ykdysady serişdelerden mahrum etmekden dilde masgaralamalara, psihologiki basyşlara, fiziki hem jynsy zorluklara çenli uzaýar.

«Bu problema köplenç bir-birine bagly we ugurdaş häsiýete eýe. Emma aýallar köplenç utançdan ýa-da özlerini günäli duýup, häkimiýetlere ýüz tutmaýarlar» diýip, Begmedowa gürrüň berýär.

Ýewropada ýaşaýan syýasy aktiwist Jeren Türkmenistanda işsizligiň, jenaýatçylygyň köpelmegi bilen erkekleriň eklenji alaçsyz ýagdaýda aýallaryň üstüne atýan halatlarynyň az bolmaýandygyny, netijede aýallaryň köpüsiniň az gazançly agyr işlerde işlemäge mejbur bolýandygyny, olaryň saglygyna seretdirmäge-de mümkinçiliginiň azdygyny, umuman, türkmenistanly eneleriň köpüsiniň kömege mätäçdigini aýdýar.

Maglumatlara görä, türkmen bazarlaryna uzak obalardan azyk önümlerini getirip satýanlaryň arasynda hem ýanýoldaşyny ýitiren eneler kän duşýar.

Halkara tejribesi

Ýewropa ýurtlarynda çagaly enelere nähili garaşyk edilýär?

T. Begmedowa Ýewropada çaga hem ene baradaky aladanyň döwletiň sosial syýasatynyň özeni bolup durýandygyny aýdýar. Galyberse, Ýewropada resmi nika bilen graždan nikasynyň arasynda hem tapawut goýulmaýar. Islendik ýagdaýda çaga döwletiň goragy astynda bolýar. Ýagny, döwlet çagany hem aýaly goramagy öňdäki planda goýýan syýasat ýöredýär. Hatda aýallaryň özleriniň graždan nikasyny düşünjeli saýlaýan gezekleri-de az däl. Sebäbi olar bu ýagdaýda döwletden çagany terbiýelemek üçin has köp kömek alýarlar.

Hukuk goraýjy T. Begmedowa Türkmenistanda ýalňyz eneleriň problemasynyň çözülmegi üçin döwletiň maşgala, sosial goraglylyk baradaky syýasatyny gowulandyrmalydygyny aýdýar. Hukuk goraýjynyň pikirine görä, türkmen döwletiniň dul galan ýa aýrylyşan aýallar, ýalňyz aýallar babatda ýörite programma işläp düzmegi gerek. Şeýle-de ol bu meseläniň köpçülikleýin habar serişdelerinde hemmetaraplaýyn beýan edilmelidigini, bu problema barada düşünje berýän gepleşikleriň taýýarlanylmalydygyny aýdýar.

«Çaganyň haýsy nikada, nähili ýagdaýda doglandygyna garamazdan, çagaly aýalyň hormat-sylagynyň aýratyn bolmalydygy öňe sürülmeli, ýagny üns çaga, ösüp gelýän nesle gönükdirilmeli. Şeýdilen ýagdaýynda bu mesele hiç bir kynçylyksyz çözlüp bilner» diýip, düýbi Bolgaraiýada ýerleşýän “Türkmen Helsinki fondunyň” başlygy T.Begmedowa Azatlyk Radiosyna aýtdy.

"Adam hukuklary" programmasyny diňlemek üçin sag tarapda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG