Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Hytaý Eýrana garşy sanksiýa boýunça gepleşiklere gatnaşar


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Eýrana garşy täze sanksiýa girizmek barada BMG tarapyndan geçiriljek gepleşiklere Hytaýyň gatnaşjakdygyny aýtdy.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşindäki ABŞ-nyň wekili Suzan Raýs Eýrana garşy giriziljek sanksiýa barada Hytaýyň gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny öňe sürdi.

Ak Tamyň metbugat wekili Bill Burton Pekiňiň bu gepleşiklere gatnaşmaga razylyk bildirmeginiň gaty uly ädim bolanlygyny belledi.

Prezident Obama täze sanksiýalar barada Howpsuzlyk Geňeşinde ýakynda ylalaşyga gelinjekdigine umyt edýänligini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG