Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň, Wenesuelanyň we Boliwiýanyň liderleri duşuşarlar


Boliwiýanyň döwlet eýeçiligindäki habar agentliginiň maglumatyna görä, prezident Ewo Morales şu gün Wenesuelanyň paýtagty Karakasa sapar eder.

Ol şol ýerde Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin bilen Wenesuellanyň prezidenti Hugo Çawesiň arasynda boljak duşuşyga gatnaşar.

Putin Karakasa edýän ilkinji saparynyň dowamynda Wenesuela bilen, energiýa, oba hojalyk, ulag serişdeleri bilen bir hatarda, maliýe pudaklary boýunça ençeme ylalaşyklara gol goýar.

Bu sapar başlamazdan ozal Orsýet bilen Wenesuela nebit çykarmak barada bilelikde iş alyp barjakdyklaryny yglan etdiler.

Bu proýekt Wenesuelanyň Orinoko derýasynyň kenarynda amala aşyrylar.
XS
SM
MD
LG