Sepleriň elýeterliligi

Karzaýyň aýyplamalaryny Waşington ret etdi


Owganystanyň prezidenti Hamit Karzaýyň geçen ýyl bu ýurtda bolan saýlawlarda daşary ýurtlylar tarapyndan galplyklaryň amala aşyrylanlygy baradaky aýyplamalaryny ABŞ ret etdi.

Karzaý şol çykyşynda bu bidüzgünçilikleriň özüniň güýjini çäklendirmek we täsiri az bolan partlamenti döretmek boýunça edilen synanyşykdan ybaratdygyny belledi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Filip Krowly Barak Obamanyň administrasiýasynyň Karzaýyň bu baradaky pikirini kabul etmeýänligini aýtdy.

Krowly gaýtam Karzaýň öz administrasiýasynda parahorlugyň öňüni almak boýunça çäreler görýänligine halkara jemgyýetçiligini we owgan halkyny ynandyrmak boýunça tagalla etmelidigini nygtady.

Karzaý tarapyndan orta atylan bu aýyplamany BMG-niň Owganystan boýunça wekiliniň öňki orunbasary Peter Galbraýt hem ret etdi. Karzaý ony geçen ýylyň awgust aýynda geçirilen saýlawlarda bidüzgünçiliklere baş goşanlykda aýyplapdy.
XS
SM
MD
LG