Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Baş sekretary Türkmenistana bardy


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun iki günlik resmi sapar bilen düýn Türkmenistana bardy.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň çap eden maglumatyna görä, Ban Ki Mun aeroportda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow tarapyndan garşylandy.

Banyň şu gün Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ministrler Kabinetiniň binasynda duşuşanlygy habar berildi. Duşuşykdan soň metbugat konferensiýasy hem geçirildi.

Ban bu saparynyň dowamynda BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça regional merkezine we prezidentiň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary institutyna-da barýar.

Ban Türkmenistana saparyny tamamlandan soň Gyrgyzystana, Özbegistana, Täjigistana we Gazagystana barar.

Onuň bu saparynyň dowamynda regional hyzmatdaşlyk we ýaragsyzlanmak ýaly meseleler boýunça pikir alyşmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG