Sepleriň elýeterliligi

Germaniýanyň «Daimler» awtokonserni jerime tölär


Penşenbe güni ABŞ-da Germaniýanyň «Daimler» awtokonserni bilen bagly işe garaldy.

ABŞ-nyň Federal sudy «Daimler» awtokonsernini para-peşgeş bilen bagly ýöňkelýän aýyplama boýunça günäli tapdy we bu awtokonsern jerime hökmünde 185 million amerikan dollaryny tölemäge razy boldy.

Amerikanyň Ýustisiýa ministrligi nemes awtomobil öndürijilerine awtokonserniň bähbitleri üçin 10 ýylyň dowamynda 22 döwletiň ýolbaşçy agzalaryna para bermekleri bilen bagly aýyplama ýöňkäpdi.

Türkmenistanyň ady geçýär

«Daimler» awtokonserniniň awtomobil öndürijileriniň düşewüntli kontrakta gol çekmek üçin para beren döwletleriniň hatarynda Türkmenistanyň ady hem agzalýar.

Türkmen hökümetiniň bir işgäriniň “doglan günine” sowgat hökmünde berlen «Mersedes-Benz S» kyslymly bronirlenen awtoulagyň bahasynyň 300 müň amerikan dollaryna barabar bolandygyna halkara habar beriş serişdeleri ünsi çekýär.

Halkyň arasynda «gara maşyn» diýen ady alan «Daimler» awtokonserniniň önümi bolan «Mersedes-Benz» awtolulagy ýurduň hökümet ýolbaşçylary üçin Türkmenistana ilkinji gezek 1995-nji ýylda getirilip başlandy.

Ilkibada ol maşynlar ýurduň ministrlerine hem-de şol derejedäki ýolbaşçylara paýlanylypdy. Ýöne soňy bilen ol ýurduň prezidentiniň permanydyr karary bilen bellenilýän her bir ýolbaşça berildi.

«Gara maşynyň» on bäş ýyl mundan öňki abraýy

1995-97-nji ýyllarda Türkmenistanyň ykdysady krizisi başdan geçirýän döwründe paýtagtyň köçelerinde kämahal göze ilýän gap-gara reňkde bolan «Mersedes-Benz» maşynynyň abraýy gaty uludy. Sebäbi ol döwürler bu ulagyň kysymyna ýurtda gaty seýrek duş gelinýärdi.

Olara berilýän nomerler hem diňe 0 bilen başlanýardy. 0 bilen başlanýan belgili «gara maşynlary» Döwlet ýol gözegçileri çatrykda gyzyl çyrada geçende-de saklamaga çekinerdiler.

Soňy bilen Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow «Daimler» awtokonserniniň öndürýän «Mersedes-Benz» maşynlaryny her iki ýyldan uly tapgyrda ýurda getirdip, öz doglan gününe gabatlap, ýolbaşçy wezipesinde oturan çinowniklere paýlap başlady. Ministr derejesindäki ýolbaşçylaryň ozalky münen «Mersedes-Benz» maşynlary bolsa olardan pesräk wezipelilere geçirildi.

Şeýdip-şeýdip, ýokarrakdaky oturanlar her iki ýyldan täze «Mersedes-Benz» münüp ugradylar, olardan aşagrakdakylar bolsa öz münen ulaglaryny öz aşagyndaky ýolbaşçylara geçirdiler.

«Gara maşynyň» getiren betbagtçylyklary

Ýurduň ýolbaşçylaryna paýlanylyp berlen «Mersedes-Benz» maşynlarynyň ýokary tizligi, komfortlylygy, dizaýny bu ulagyň rulunyň başyna geçen sürüjileriň ilkibaşda kellesini göçürdi. 1995-1998-nji ýyllarda uçurylyp sürülýän «gara maşyn» zerarly ýollarda elhenç awtoheläkçilikler ýüze çykdy. «Mersedes-Benziň» howpsuzlyk goragynyň ýokarylygy üçin, bu awtoheläkçilikde elmydama beýleki markadaky maşynlaryň eýeleri pida bolýardylar.

Bu awtoulaglaryň bahasy Türkmenistana getirilende 45-55 müň amerikan dollary bolýar. Eger-de häzir ýurtda ortaça iş haky ýüz elli dollar bolsa, onda 1995-2000-nji ýyllarda adamlar 15-25 dollar ortaça hak alýardylar. Emma «Mersedes-Benziň» bahasy bolsa şol wagtam, şu wagtam 45-55 müň amerikan dollarydy.

Bahasy 45-55 müň amerikan dollary bolan «Mersedes-Benz» awtoulagy eýýäm 2000-nji ýylda ştat birliginde bary-ýogy 20 adam bolan edara ýolbaşçysyna çenli paýlanyp çykylypdy.

Şol döwürde ortaça 20 dollar aýlyk alýan bir işgäriň bir ýylky haky 240 dollar bolýan bolsa, onda tutuş edaranyň 20 işgäriniň bir ýylky haky 4800 dollar bolýar. Diňe bir ýolbaşça berkidilen «gara maşynyň» bahasy bolsa 45 müň amerikan dollary. Bir maşynyň bahasy tutuş edaranyň işgärleriniň tas on ýyllyk iş hakyna barabar bolýar.

Şeýle derejedäki gymmat maşynlara eýe bolan ýolbaşçylaryň köpüsi bu ulaglary öz öýlerinde saklap, oňa bolsa diňe öz ogullaryny ýa-da ýakyn garyndaşlaryny sürüji edip aldylar.

Ýöne 1997-nji ýylda «Edebiýat we sungat» gazetiniň şol wagtky redaktory Täçmämmet Jürdekowyň maşynynyň garakçylar tarapyndan alnyp gaçylmagy sebäpli, döwlet edaralaryna degişli ähli «Mersedes-Benz» awtoulaglary hökümet garažynda goýulmaly edildi.

45 müň dollarlyk maşyny ogluna sürdürip, ony hem garakçylara ogurladany üçin bolsa, Saparmyrat Nyýazow T.Jürdekowy wezipesinden boşatdy.

«Mersedes-Benziň» şu günki abraýy

Häzirki günde halkyň belli bir gatlagy gaty baýady. On bäş ýyl mundan ozal daşyndan guwanylan «gara maşynyň» abraýy häzir edil öňki ýaly däl. On bäş ýylyň dowamynda bu markalar Türkmenistana şeýle bir köp getirildi welin, indi olara hatda öňi 0 bilen başlanýan nomerlerem berlenok. Döwlet ýol gözegçileri bolsa indi «gara maşynlaryň» sürüjilerini ýol herekedini bozany üçin jerime töletmekdenem çekinmeýärler.

Ozal ýetip bolmaýan bu maşynlary indi ýurduň ýaşaýjylarynyň içinde-de hususy ulag hökmünde satyn alýanlary kän.

Edara-kärhanalara degişli bolan «Mersedes-Benz» awtoulaglaryna diňe IPС-Motors kompaniýasy serwis işlerini amala aşyrýar. Paýtagtyň 11-nji mikroraýonynda ýerleşýän bu kompaniýanyň hyzmatlary bolsa juda gala hasaplanýar. Iň bir ýönekeýje hyzmaty üçin bu kompaniýa ummasyz pul talap edýär.

Ýurduň içinde, hususan-da paýtagtda «Mersedes-Benz» awtoulaglaryna serwis işlerini amala aşyryp bilýän başga-da awtorserwisler bar. Olaryň hyzmatlary IPС-Motors kompaniýasyndan kän arzan hasaplanýar. Emma hökümete degişli awtoulaglar diňe IPС-Motors kompaniýasynda bejerilmäge degişli edilen.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG