Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ikinji Jahan urşuna gatnaşan 88 ýaşly adam tussag edildi


Anna güni Serbiýanyň sudy Birleşen Ştatlaryň graždany Piter Egnere Ikinji Jahan urşy ýyllarynda uruş jenaýatçylygyny edenlikde günä bildirip, onuň tussag edilmelidigi barada karar çykardy.

Belgrad şäheriniň sudy 88 ýaşly Piter Egneri Ikinji Jahan urşy ýyllarynda nasistik Germaniýanyň ofiseri hökmünde Belgrad şäherinde 17 müň töweregi parahat ýaşaýjynyň öldürilmegine gatnaşanlykda günäli tapdy.

Ikinji Jahan urşundan öň ozalky Ýugoslawiýanyň territoriýasynda doglan asly gelip çykyşy nemes bolan Piter Egner 1960-njy ýyllarda Birleşen Ştatlara emigrirläp, bu ýurduň raýatlygyny alypdy.

Serbiýanyň sudunyň çykaran soňky kararynyň yzy bilen, Birleşen Ştatlaryň Adalat ministrligi Piter Egneriň öz geçmişi bilen baglanyşykly köp maglumatlary gizlänligini aýdyp, onuň amerikan raýatlygyny yzyna almak meselesine garamaklygy haýyş edip, Birleşen Ştatlaryň Federal suduna ýüz tutdy.
XS
SM
MD
LG