Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Hytaý sanksiýalaryň ulanylmagyna garşy


Anna güni ýadro meselesi boýunça Eýranyň ýörite wekili Saed Jalili Pekinde Hytaýyň resmileri bilen geçiren gepleşikleriniň yzy bilen eden çykyşynda Eýranyň ýadro meseleleri babatynda sanksiýalaryň ulanylmagyna Hytaýyň garşydygyny aýtdy.

Şeýle-de ol öz çykyşynda ýadro meselesinde Günbataryň Eýrana haýbat atmasyny bes etmelidigini hem nygtady.

Bu wakanyň öňýany Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Eýranyň häzirki pozisiýasyndan el çekmedik halatynda, halkara jemgyýetçiliginiň goldawy bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Tährana görkezýän öz basyşlaryny mundan beýläk has hem güýçlendirmek bilen boljakdygyny belläpdi.
XS
SM
MD
LG