Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň Waşingtondaky ilçisi gaýtadan işe başlar


Anna güni Türkiýäniň hökümeti bir aý mundan ozal Birleşen Ştatlardan yzyna çagyrylan türk ilçisiniň ýene gaýtadan Waşingtonda işe başlajakdygyny mälim etdi.

Geçen aýyň başynda Birleşen Ştatlaryň Kongresindäki komiteti Birinji Jahan urşy ýyllarynda Türkiýede ermenileriň köpçülikleýin öldürilmegini «genosid» diýip häsiýetlendirip, bu barada ýörite rezolýusiýa kabul edipdi.

Muňa protest bildirip bolsa, Türkiýe özüniň Waşingtondaky ilçisini wagtlaýynça yzyna çagyrypdy.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Ärdogan bu ýurduň ilçisi Namyk Tanyň geljek hepde Waşingtonda ýadro meselelerine bagyşlanylyp geçiriljek halkara sammitinden öň öz işine başlajakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG