Sepleriň elýeterliligi

Moskwanyň metrosynda özüni partladan zenanlaryň biri anyklandy


Anna güni Orsýetiň habar serişdeleri şu hepdäniň duşenbe güni Moskwanyň metrosynda gurnalan partlamalardan birini amala aşyryjy aýal maşgalanyň şahsyýetiniň anyklanandygyny habar berdiler.

Orsýetiň organ işgärleriniň sözlerine salgylanylyp ýaýradylan bu maglumatda janyndan geçen bu hüjümçiniň Dagystanyň Kasawýurt raýonyndan 17 ýaşly Jennet Abdurahmanowadygy aýdylýar.

Maglumata görä, Jennet Abdyrahmanowanyň äri, yslamçy söweşiji Umalat Magomedow 2009-njy ýylda harby operasiýada atylyp öldürilipdir. Ýöne bu maglumata häzirlikçe Orsýetiň häkimiýetleri tarapyndan resmi tassyklama berilmedi.

Hepdäniň duşenbe güni Moskwanyň «Lubýanka» we «Park kultury» metrostansiýalarynda janyndan geçen hüjümçileriň amala aşyran şol partlamalaryndan şu günki güne çenli jemi 40 adam öldi.

Şu gün Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew parlamentdäki syýasy partiýalaryň liderleri bilen duşuşyp, ýurtdaky howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaklygy planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG