Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Baş sekretary Aşgabatda adam hukuklaryny gozgady


Penşenbe güni agşam Türkmenistana sapara baran Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki Mun anna güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Bu duşuşygyň yzy bilen Aşgabatda geçirilen metbugat konferensiýasynda Ban Ki Mun Türkmenistanyň häkimiýetlerini ynsan hukuklary boýunça halkara ylalaşyklaryna laýyklykda ýurduň boýun alan ähli borçlaryny ýerine ýetirmeklige çagyrdy.

Şeýle hem ol özunin bu çykyşynda ynsan hukuklary meselesinde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtady.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun şu geljek bir hepdäniň dowamynda Merkezi Aziýanyň ähli bäş ýurduna-da sapar etmekligi planlaşdyrýar.

Onuň Türkmenistana saparynyň öňýany Human Rights Watch guramasy oňa gönderen ýüzlenmesinde BMG-niň Baş sekretaryny Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen geçirjek gepleşiklerinde bu ýurtdaky ynsan hukuklary bilen baglanyşykly käbir problemalary gozgamaklyga çagyrypdy.
XS
SM
MD
LG