Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakly türkmenleriň syýasy pozisiýasy güýçlenýär


Yrakda sünnüleriň, şaýylaryň we kürtleriň bardygy köpler tarapyndan bilinýär, emma bu ýurtda türkmenleriň hem ýaşaýandygy barada daşary ýurtlularyň arasynda o diýen maglumat ýok. Bu pikiri yrakly türkmenler öňe sürýärler.

Emma 7-nji martda Yrakda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň yrakly türkmenler bu ýagdaýy üýtgetmek barada tagalla etjekdiklerini aýdýarlar.

Yragyň demirgazygynda kürtlerden soňra ikinji uly etniki topar diýilip hasaplanýan türkmenler şol saýlawlara öňki premýer-ministr Aýad Allawiniň koalisiýasynyň hatarynda gatnaşdylar.

Bu bileleşik aşa üstünlikli netije bilen tamamlandy. Allawiniň “Yrakiýýa” topary bilen saýlawlara gatnaşan bäş türkmen kandidaty parlamente girmegi başardylar. Olaryň ikisi Kerkukdan we üçüsi-de Mosuldan saýlandy.

2005-nji ýylda geçirilen saýlawlarda diňe bir türkmen Yragyň milli parlamentine girmegi başarypdy. Şunlukda türkmenler mundan beýläk Bagdatda öz seslerini has güýçli eşitdirip biljekdiklerini aýdýarlar. Olaryň sözüne görä, saýlawlarda iki uly partiýanyň gazanan orunlarynyň deň derejede bolmagy türkmenleriň pozisiýasyny hasam güýçlendirýär.

Saýlawlardan üstünlikli çykdyk

“Yrak türkmen frontunyň” Stambulda ýaşaýan sözçüsi Orhan Ketene Azatlyk Radiosyna bu barada beren maglumatynda türkmenleriň Yragyň syýasy sahnasynda häzirki pozisiýasyny şeýle beýan etdi: “Häzirki döwürde türkmenleriň bäş sany deputaty bar. Olar “Yrakiýýa” toparynyň syýasy deňagramlylygynde möhüm rol oýnaýarlar. Sebäbi “Yrakiýýa” topary bilen premýer-ministr Nuri Al-Malikiniň partiýasynyň arasyndaky tapawut diňe iki orundyr. Netijede türkmenleriň bäş deputaty bar. Eger olar “Yrakiýýa” toparyndan çekilseler, Allawiniň koalisiýasy ikinji orna düşer we Maliki birinji orny eýelär. Onsoň türkmenleriň roly gaty möhüm bolýar duruberýär”.

Başgaçarak söz bilen aýdylanda, türkmenler häzirki döwürde hökümeti kim eýelemeli diýlen meselede, esasy karar kabul etjek toparlardan biri bolup durýarlar. Olaryň ozal hiç haçan şeýle güýçli pozisiýasy bolmandy.

Türkmenler bilen bir hatarda, elbetde, haýsydyr bir uly koalisiýanyň hataryna girmedik ençeme beýleki toparlar hem bar. Olar kürtler we şaýylaryň “Yragyň milli bileleşigi” atly partiýasyndan ybaratdyr.

Olaryň ählisi häzirki döwürde köpçüligiň goldawyny gazanyp, häkimiýet gurmak barada tagalla edip gelýärler. Hökümet gurmak teklibiniň ilki bilen Allawiniň “Yrakiýýa” partiýasyna hödürlenmegine garaşylýar.

Emma bu tagallalaryň nähili netije bilen tamamlanjakdygyny aýtmak kyn, ençeme synçylar hökümet gurmak baradaky aladalaryň ençeme aýa çekjekdigini çak edýärler.

Türkmenleriň iki maksady bar

Yragyň syýasy sahnasynda şeýle çekeleşikler dowam edýärkä, türkmen wekili Ketene Yrak türkmenleriniň diňe iki maksadynyň bardygyny aýdýar: “Häzirki döwürde olaryň ilkinji maksady – Yragyň milli birligini goramak. Ikinjisi-de, Kerkugyň kürtler tarapyndan dolandyrylýan regiona girizilmeginiň öňüni almak”.

Onuň aýtmagyna görä, Kerkugyň kürtleriň regionyna girizilmezligi baradaky maksat Allawi hemem Mali ikisi tarapyndan hem goldanylýar. Onuň aýtmagyna görä, şol liderlerden, haýsydyr biri Kerkuk bilen bagly has güýçli pozisiýa eýelese, türkmenler şol partiýany goldarlar.

“Yrakiýýa” koalisiýasynyň hatarynda saýlawlarda üstünlik gazanan bäş türkmen bilen bir hatarda şaýy toparlar bilen bilelikde saylawlara gatnaşyp, parlamente girmegi başaran ýene-de üç türkmen deputaty bar. Şol iki toparyň türkmenleriň esasy talaplary barada deň pozisiýa eýelejekdigine garaşyp bolar. Bu hem olaryň pozisiýasyny hasam güýçlendirer.

Kerkuk – türkmen şäheri

Türkmenleriň esasy talaplarynyň biri Kerkugyň kürtleriň regionyna girizilmezligi baradadyr. Kerkugyň ähmiýeti bolsa diňe demirgazykda ýerleşýän esasy şäherlerden biri bolmaklygy bilen çäklenmän, onuň ýerasty baýlyklarydyr.

Türkmenler regionda ýaşaýan araplar bilen bir hatarda bu regionyň kürtleriň kontrollygyna berilmegine garşy çykyp gelýärler. Sebäbi türkmenler bu şäheriň özlerine degişlidigini aýdýarlar.

Yragyň prezidenti Jalal Talibanynyň maslahatçysy Dr. Muzaffer Arslan türkmenleriň Kerkuk baradaky pozisiýasyny şeýle düşündirýär: “Kerkugyň kürtlere degişlidigi barada henize çenli orta atylan hiç hili dokument ýok. Ähli dokumentlerde Kerkuk türkmen şäheri hökmünde häsiýetlendirilýär”.

Yragyň prezidenti Jalal Talibanynyň türkmenler boýunça maslahatçysy Dr. Muzaffer Arslan kürtleriň bu şähere eýe çykmaga synanyşmagynyň sebäbi barada gürrüň edip, Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beren interwýusynda şeýle diýdi: “Kürtleriň bu şäher bilen aşa gyzyklanmagynyň sebäbi Kerkugyň ýerasty baýlygy bilen baglydyr. Çünki haçanda demirgazyk Yrakda garaşsyz kürt döwleti döredilen halatynda olaryň öz garaşsyzlygyny gorap bilmegi üçin bu energiýa çeşmesine mätäçligi bolar”.
XS
SM
MD
LG