Sepleriň elýeterliligi

Britaniýaly jübüt öpüşeni üçin jezalandyrylýar


Dubaýda jemgyýetçilik ýerinde öpüşeni üçin tussag edilen britaniýaly jübüdiň şikaýaty diňlenmedi.

Sudýa olara berlen jezany – bir aý tussaglygy we 300 dollar jerimäni öňküligine galdyrdy.

Britaniýaly Aýman Najafi we Şarlot Adams dubaýly aýalyň aýyplamasy esasynda tussag edildi.

Olar ýurduň yslam kadalarynyň çäginde, bir-biriniň ýaňagyndan öpendiklerini we sudýanyň bu kararyndan şikaýat etjekdiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG