Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl üç ýylda birinji gezek Gaza eşik we aýakgap geçirdýär


Ysraýyl düýn Gaza zolagyna geýim-eşik wa aýakgap geçirmäge rugsat berdi.

Ysraýyl 2006-njy ýylyň iýulynda, jeňçiler serhetden geçip, bir ysraýyl esgerini ele salanlaryndan soň, Gaza zolagyny gabaw astyna alypdy.

Ysraýyl bu ýere haryt geçirilmegine rugsat berse-de, el raketalarynyň ýasalmagynda ulanylmazlygy üçin, geçirilýän zatlary çäklendirýär.

Tankytçylar munuň Gaza zolagynyň ilatyny kollektiwleýin jezalandyrma bolýandygyny aýdýarlar we Ysraýylyň bu gabawy soňlamagy üçin barha köp basyş edilýär.
XS
SM
MD
LG