Sepleriň elýeterliligi

Germaniýada müňlerçe adam urşa garşy ýöriş geçirýär


Germaniýada müňlerçe adam däp bolan «Pasha ýörişleriniň» çäginde hepde ahyrynda ýöriş geçirdi.

Bu gezekki ýöriş ýurduň Owganystandaky harby operasiýalaryna gönükdirildi.

Guramaçylar Berlinde bolan ýörişe 2200 töweregi adamyň gatnaşandygyny aýtdylar.

Şeýle ýörişler Germaniýanyň beýleki birnäçe şäherinde hem guraldy.

Bu demonstrasiýalar Owganystanda anna güni 3 german esgeriniň Talybanyň gabawynda öldürilmeginiň yzýanyna gabat geldi. Bu waka german esgerleri ýalňyşyp 6 owgan esgerini öldürenden soň bolupdy.
XS
SM
MD
LG