Sepleriň elýeterliligi

NATO graždan adamlaryň öldürilenini tassyk edýär


Owganystanda NATO-nyň ýolbaşçylygynda söweşýän güýçler fewral aýynda ýurduň günorta-gündogarynda graždan ilatdan 5 adamy, şol sanda üç aýaly öldürendiklerini tassyk etdiler.

Ýaranlygyň beýanatynda «halkara güýçleri bu adamlaryň ölümi üçin jogapkär» diýilýär.

NATO öz goşunlarynyň 12-nji fewralda Paktia welaýatynyň Gardez etrabynda bir öýe baryp girendiklerini, sebäbi ol ýerde pitneçileriň bardygyna ynanandyklaryny aýdýar.

Olar öýe girip, ol ýerdäki iki erkegi öldüripdirler, sebäbi olaryň ýaragy bar eken. Soň ol adamlaryň pitneçi däldigi belli bolýar.

NATO ozal öz esgerleri baranda ol ýerdäki aýallaryň eýýäm öldürilendigini aýdypdy, emma soň munuň nädogrudygyny boýun aldy.

Düýn Owganystanda NATO-nyň bir esgeri, asuda ilatdan 4 adam öldürildi.
XS
SM
MD
LG