Sepleriň elýeterliligi

Metro partladanlaryň ikinjisi mugallym eken


Orsýetde çykýan «Nowaýa gazeta» Moskwada metro otlusyny partladan ikinji bombaçynyň 28 ýaşly mugallym Marýam Şarilowadygyny aýdýar.

Gazet Marýamyň kakasy Rasul Magomedowa salgylanýar. Ol janyndan geçen bombaçynyň suratynyň öz gyzyna meňzeýändigini aýdypdyr.

Marýam Dagystandan 29-njy martda bolan partlamalardan bir gün öň ýitirim bolupdyr.

Moskwa metrosynda janyndan geçen iki aýalyň bomba partlatmagy netijesinde 40 adam öldürildi.

Derňew ol bombaçylaryň biriniň öldürilen yslam jeňçisiniň 17 ýaşly dul galan aýalydygyny anyklady.
XS
SM
MD
LG