Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda adam öldürenler amerikan bolup görünmek isläpdir


Yragyň bir howpsuzlyk sözçüsi anna güni 24 obalyny öldüren ýaragly adamlaryň amerikan esgeri bolup görünmäge çalşandygyny aýdýar.

General maýor Kassim Atta olaryň amerikan diýdirmek üçin amerikan harby eşiklerini geýendigini we birnäçesiniň iňlisçe gürländigini aýdýar.

Anna güni Sufia obasynda bolan gandöküşiklik bilen ilteşikli 25 adam tussag edildi.

Atylyp öldürilenler Yrakda al-Kaýda garşy gozgalaň eden sünni topary bilen ilteşikli.

Yrak resmileri bu ganhorlukda al-Kaýdany günäledi.
XS
SM
MD
LG