Sepleriň elýeterliligi

Hristianlar Pashany baýram edýär


Dünýä ýüzüniň hristianlary şu gün Pasha baýramyny belleýärler. Hristianlaryň ynanjyna görä, bu gün Isa Mesihiň üç gün öli ýatyp, gaýtadan dirilen güni.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bu ýyl hristanlaryň ählisiniň, protestantlaryň, katolikleriň we prawoslawlaryň pashany bir günde belleýändigini aýtdy.

Pop Benedikt XVI Watikanda çykyş edip, Päkistanda, Yrakda öz dini ynanjy üçin ýanalýan we jebir görýän hristanlar üçin alada bildirdi.
XS
SM
MD
LG