Sepleriň elýeterliligi

Ban Ki-mun Aralyň guramagyny elhenç betbagtçylyk atlandyrýar


BMG-niň baş sekretary Ban Ki-mun Aral deňziniň guramagy Ýer togalagynyň iň elhenç tebigy betbagtçylyklarynyň biri diýdi.

Ol Merkezi Aziýa ýolbaşçylaryny bu problemany çözmekde tagalla etmäge çagyrdy.

Ban Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna saparynyň çäginde Aral deňzine wertolýotly sapar etdi.

Bir zaman ululygy boýunça dünýäniň dördünji köli bolan Aral Sowet soýuzynyň pagta syýasaty esasynda 90-% suwuny çekdi.

Aral betbagtçylygy Banyň bu sebite alty günlük saparynyň esasy aladalarynyň biri bolup durýar.

Şeýle-de Ban bu sebitde adam hukuklarynyň goralyşynyň gowulandyrylmagyny talap edýär.
XS
SM
MD
LG