Sepleriň elýeterliligi

Bagdat partlamalarynda azyndan 42 adam öldi


Janyndan geçen bombaçylar düýn Bagdatdaky ilçihanlaryň golaýynda ulag bombalarynyň üçüsini partlatdylar.

Partlamalar netijesinde azyndan 42 adam ölüp, 200-den gowrak adam ýaralandy.

Howpsuzlyk gullugynyň sözçüsi partlamalaryň diplomatiki missiýalary nyşana alandygyny aýdýar.

Ulaglar Eýranyň we Germaniýanyň ilçihanalarynyň ýerleşýän ýeriniň golaýynda partladylypdyr.

Eýranyň Yrakdaky ilçisi Hasan Kasemi Kumi partlamanyň öz ilçihanasynyň derwezesiniň agzynda bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG