Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erkin döredijilik mümkinçilikleri we wezipeler


S. Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda Türkmenistanda döredijilik erkinliginiň doly diýen ýaly ýok edilendigi, «Ruhnama» zorlugynyň çeper döredijilige agyr zarba urandygy aýdylýar.

Biziň gürrüňdeş bolan türkmen intellektuallarymyzyň köpüsi bu ýagdaýyň türkmenistanlylaryň ruhy höregini gaty çäklendirendigini, iň ýamany bolsa, dar çygyrly propagandanyň halky edebiýatdan, sungatdan, metbugatdan daşlaşdyrandygyny, okamak medeniýetini pese gaçyrandygyny aýdýarlar.

S. Nyýazow ýogalandan soň häkimiýet başyna gelen Gurbanguly Berdimuhammedow bu ýagdaýy duýup, höwes bilen okalýan eserleriň bolmagy, ilhalar teatr, kino eserleriniň döredilmegi, metbugatyň hiliniň ýokarlanmagy barada gürrüň edip başlady.

Bu ýerde ýene bir bellemeli zat, fewral aýynyň aýagynda döredijilik intelligensiýasy bilen dolan duşuşykda, prezident Berdimuhamedow hatda sagdyn edebi tankydyň hem zerurlygyna ünsi çekdi.

Ozal şeýle duşuşuklarda Nyýazowa edebi tankydy ýatyranlygy üçin sag bol aýdýan ýazyjylar hem bolupdy.

Şu täzelik bilen bagly «Tegelek stol» söhbetdeşligine Türkmenistandan ýazyjy-şahyrlar we žurnalistler Aşyrguly Baýryýew, Amanmyrat Bugaýew, Döwletmyrat Ýazgulyew gatnaşýar.

Söhbetdeşligi Pragadaky studiýadan Ýowşan Annagurban alyp barýar.

“Tegelek stol” diskussiýasyny diňlemek üçin sag tarapda ýerleşdirilen audio düwmesini basyň.
XS
SM
MD
LG