Sepleriň elýeterliligi

Ýekelik















Nalyş-endiş edip, aglap bor, emma
Nobat belläp ykbal saýlap bolanok.
Däli derýa çümen kenara çykýa,
Ýata suwa batan gaýdyp galanok.

Ömür ýoly aýna ýaly tekiz däl,
Onuň büdür-südür çarkandagy kän.
Halasgär hasaplap garaşan kişiň
Eli çüýrük ýüpli geläýjekmikän?

Paýlaşyp iýmeseň bir sanaç uny
Oýnam günde dost ýa duşman tanatmaz.
Ha tur, ha ýat -- öz wagtynda ýaşar gün,
Ertä ynanmasaň hergiz daň atmaz.

Öňden bar -- «Ýekelik Hudaýa ýagşy»,
Şondan ozgäň hökman bolmaly taýy.
Ýerden aýak üzmez ýeke ganat guş,
Düýnki gedem bu gün görner sypaýy.

Ýeke gaýtmaz dag başyndan inen daş,
Ýoldaş gözlär gara işe baş goşan.
Güýji ýeten gyrar polat zynjyry,
Ýüpsüz daňyldyňmy – zor bolsaň boşan!

Deriň ysy gelýär azajyk puldan,
Petde-petde puldan gan ysy gelýä.
Bihudalar gülledenem ölenok,
Hudahon bendeler ýürekden ölýä.

Ýat bir ile düşseň nesibäň çekip,
Ýurdy öwüp, arşa çykar isleseň.
Göbek ganyň daman dogduk mekana
Dil ýetirme – dolanmagy besleseň.

Goý, iliňki bolsun münen bedewiň,
Emma öz eliňde bolsun nogtasy.
Ýogsam gyrnaklarym kyrkdan ötdi diýp,
Öwünermiş haremhanaň agtasy.

Ertire howlukma, düýni unutma,
Mes bolma bir günüm – hoş günüm diýip.
Ekiz taýdyr bahyllyk hem ýekelik,
Ýokarda bol -- ýaşa söýülip, söýüp!
XS
SM
MD
LG