Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň dilini tapmaly bolar


Türkmenistandan Hytaýa gaz akdyrýan geçiriji hem ýaňy 2009-njy ýylyň dekabrynda işe başlady.
Türkmenistandan Hytaýa gaz akdyrýan geçiriji hem ýaňy 2009-njy ýylyň dekabrynda işe başlady.

Ähli zat ýazgyt işi ýaly biri-birine ýaraşyp dur. Ykdysady arzuw-hyýallaryny durmuşa geçirmek üçin ýangyç isleýän Hytaý Merkezi Aziýanyň energiýa çeşmelerine bil baglady.

Könelişen infrastrukturasyny täzelemäge ymtylýan Merkezi Aziýa hem Hytaýyň maýa goýmagyny gyzgyn garşy aldy. Ýöne, ähli zat şeýle bir ýerbe-ýer görünse-de, bu iş soňuna çenli ýerbe-ýer gitmejege meňzeýär. Sebäbi Merkezi Aziýa döwletleri ýeke Hytaý bilen iş salyşsa, Pekin özüniň serhedaşa ulgamy üçin dürli taraplaryň dilini tapmaly. Bu ugurda bolsa onda diplomatik tejribe ýok.

Hytaý kompaniýalarynyň tutuş dünýäde energiýa importy üçin şertnamalara gol çekmegine sebäp bolýan zat, energiýa çeşmeleriniň ýetmezçilik etmeginden gorky.

Nebit-gaz boýunça ekspert Jennifer DeLaýiň aýtmagyna görä, Hytaý şu wagtyň özünde günde 4,1 million barrel nebit sarp edýär. Munuň 51,8 porsenti importirlenen nebit. Tebigy gazyň bolsa diňe 11 prosenti import edilýär.

Hytaý ykdysady ösüşini şu gidişine dowam etdirmek isleýär. Şol sebäpden hem oňa öňümizdäki ýyllarda aşa köp gaz gerek.

Pekiniň bagtyna Merkezi Aziýa ýurtlary energiýa çeşmelerine baý. Hytaýyň Milli Nebit Kompaniýasynyň Merkezi Aziýada iri şertnama gol çekişen ilkinji ýurdy 1997-njy ýylda Gazagystan boldy. Bu 2238 kilometrlik nebit turbasy gurlup, 2006-njy ýylda ulanyşa berildi.
Türkmenistandan Hytaýa gaz akdyrýan geçiriji hem ýaňy 2009-njy ýylyň dekabrynda işe başlady.

Çäklenmekçi däl

Ýöne Hytaý ýeke bu iki ýurt bilen çäklenmekçi däl. Onuň Gyrgyzystan, Özbegistan we Täjigistan bilen hem planlary bar. Ýöne kynçylykly regional gatnaşyklar bu planlary başa bardyrarmykan?

Londonda ýerleşýän Uruş we Parahatçylyk maglumatlary baradaky institutyň Merkezi Aziýa programmasynyň başlygy John MakLeod Orta Aziýadaky kynçylykly gatnaşyklary şeýle suratlandyrýar: “Soňky wagtlarda regional ykdysady strukturalar barada dowamly gepleşikler boldy, ýöne bularyň beren netijesi ýok. Gümrük düzgünleri ýa wiza ýaly ýöntemje zatlar-da bir problema bolup durýar. Sebäbi praktiki zatlar hem köplenç uly syýasata, ýolbaşçylaryň indiwidualistik tutumyna bagly bolýar”.

Bular ýaly regional çylşyrymlylyk bilen ýaňy NATO ýüzbe-ýüz boldy. Özbegistan Täjigistan bilen otly gatnawyny keseninde Täjigistanyň üsti bilen NATO-nyň Owganystandaky güýçlerine gowuşmaly ýükler-de saklandy.

“Şular ýaly üýtgäp duran gatnaşyklaryň, kemçilikli hyzmatdaşlyklaryň problemalara getirmegi mümkin. Özbegistan bilen Gazagystanyň arasynda, mysal üçin, tranzit haky barada dawa turup, kynçylykly syýasy gatnaşyklar zerarly onuň yzynyň ula ýazmagy mümkin. Pul barada turan söwda dawasy şeýdip, syýasy keşbe girýär” diýip, MakLeod aýdýar.

MakLeod Hytaýyň bu köp taraply söwdalarynyň Merkezi Aziýada hemmelere peýda getirmegi barada käbir işleri edenligini belläp, Türkmensitan-Hytaý gaz turbasyny mysal edinýär: “Hytaýlylar taraplaryň her birine mundan bir paý bermek bilen bu howpy ýeňletmäge synanyşýarlar. Olar aýratyn-da özbeklerde bu turbanyň üsti bilen gaz eksport etmek umydyny oýardylar”.
XS
SM
MD
LG