Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda azyndan 114 kömürçi halas edildi


Hytaýyň demirgazyk welaýaty Şanşide 28-nji martda Wanglialing kömür känini suw basmagy netijesinde ýer astynda galan 153 kömürçiniň iň bärsinden 114-si halas edildi. Bu üstünligi halas ediş işgärleri-de, Hytaý resmileri-de “keramat” diýip atlandyrdylar.

Hytaý hökümeti ýer astynda galan magdançylary tapyp çykarmak üçin halas edijileriň 3000 çemesini bu işe çekdiler. Ilki bu iş üstünlikli bolar diýen umyt köp däldi. Ýöne 2-nji aprelde aşakdan turba kakylýan ses eşidildi. 4-nji aprele çenli dokuz magdançy halas edilip, daşary çykaryldy. Şu gün Hytaý resmileri halas edilenleriň sany 114, olaryň saglyk ýagdaýy hem durnukly diýip, habar berdiler.

Galan magdançylary agtarmak işi dowam edýär.

Hytaýyň Iş howpsuzlygy baradaky döwlet administrasiýasynyň başlygy Luo Lin şu gün halas ediş işgärlerine ýüzlenip, galan magdançylaryň halas edilmegi barada ähli tagallanyň edilmegini haýyş etdi.

“Biz halas ediş işlerine gatnaşýan ähli ýoldaşlary güýçli goldaýarys. Siz ýoldaşlaryň ähli tagallany etmegiňize bil baglaýarys. Birje salymy-da elden bermän, halas ediş işlerini güýçlendirmegi dowam etdiriň. Pida çeken magdançylary halas etmek üçin eliňizden gelenini adiň” diýip, Luo aýtdy.

Halas ediş işgärleriniň biri magdançylaryň sag-aman çykarylmagyny keramat diýip atlandyryp: “Çeken zähmetimiz ýerine düşdi. Ençeme gün bäri uklamzok” diýdi.

Şanşi welaýatynyň häkimi Wang Ju: “Bu iki keramat bolup durýar. Birinjisi, magdançylar sekiz gije-gündiz çydadylar. Bu bir durmuş keramaty. Ikinjisi biziň halas ediş planlarymyz oňat netije berdi. Bu hem Hytaýyň agtaryş we halas ediş taryhynda bir keramat.” diýdi.

Şanşi wakasy Hytaýda magdan senagatyndaky howplara adamlaryň ünsüni çeken iň soňky hadysa. Öten ýyl şular ýaly hadysalarda heläk bolanlaryň sany 2600-den geçýär. Şanşide halas ediş işleri dowam edýarkä hem başga bir hadysada 30-dan gowrak magdançy öldi.

Hytaýyň energiýa bolan zerur mätäçligi we howpsuzlyk çäreleriniň ýeterlik däldigi zerarly bu ýurduň känleri dünýäde iň howply känleriň biri bolup durýar.
XS
SM
MD
LG