Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda 114 işçi weýran bolan kömür käninden diri çykaryldy


Hytaýyň demirgazygynda ýerleşýän we mundan bir hepde öň bolan partlamada weýran bolan kömür käninden duşenbe güni 114 işçi diri çykaryldy.

Şol wakada 153 adam ýeriň astynda galypdy. Galan adamlaryň hem diri çyklaryljakdygyna umyt edilýär.

Hytaýyň ýokary derejeli resmisi Lou Lin bu barada duşenbe güni şeýle diýdi: “Adamlary halas etmek boýunça alnyp barylýan işlere gatnaşýanlara iň uly goldawy berýändigimizi aýdasym gelýär. Adamlary halas etmek boýunça siziň ýekeje sekundy hem zaýa etmän bu wakada zyýan çeken işçileri halas etmek boýunça ähli güýjüňiz bilen tagalla etjekdigiňize umyt edýäris”.

Adamlary halas etmek boýunça edaranyň metbugat wekili Liu Dezheng adamlaryň halas edilişine gowy baha berdi.

Ýeriň astyndan çykarylan adamlaryň köpüsiniň saglyk ýagdaýynyň gowudygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG