Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda hökümete garşy protest gurnalar


Gyrgyzystanyň oppozision toparlarynyň aýtmagyna görä, ýurtda korrupsiýanyň giňden ýaýranlygyna hem-de garaşsyz media garşy basyş edilýänligine garşy tutuş ýurtda hökümete garşy protest aksiýasy gurnalar.

Öňki Daşary işler ministri we oppozision lideri Roza Otenbaýyewa Frans Press habar agentligine beren interwýusynda oppozision toparlaryň koalisiýasy diýlip hasaplanýan “Halkyň Betüwi Hereketi” atly toparyň 7-nji aprelden başlap demonstrasiýalara başlajakdygyny aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, hökümet oppozision toparlaryň korrupsiýany aradan aýyrmak we media has köp azatlyk bermek barada edýän talaplarynyň hiç birini ýerine ýetirmedi.

Otanbaýyewa Gyrgyzystanyň prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň garyndaşlarynyň hökümetiň esasy orunlaryny eýeläp oturanlygyny belläp, oppozisiýa hem-de söz azatlygyna garşy hüjümleriň dowam etdirilýänligini öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG